HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Hökümentiniň wekiliýeti iş sapary bilen Tähranda bolýarlar

Fewral 12, 2025 | 15:19 |7137
11-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen bardy11-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen bardy
Çeşme: mfa.gov.tm

11-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen bardy.

Şol gün türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huşang Bazwand bilen duşuşdy diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, şol sanda eýran kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde awtomobil ýollary gurmak boýunça taslamalaryna gatnaşýandygyny bellediler. Taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň soňky mejlisleriniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

12022025-delegaciya-turkmenistana-v-tegerane (1).jpg

Soňra Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknežad bilen duşuşyk geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki möhüm meselelerine garadylar. Iki dostlukly ýurduň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin giň şertleriň bardygyny bellendi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadi bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar geçen ýylyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini bellediler we iki ýurduň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan meýillerini tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda elektroenergetika, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

12022025-delegaciya-turkmenistana-v-tegerane (3).jpg

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýrana sapary dowam edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026