HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy

Fewral 12, 2025 | 12:50 |4862
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Gruziýanyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary N.Silosaniniň arasynda duşuşyk geçirildi2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Gruziýanyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary N.Silosaniniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Gruziýanyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary N.Silosaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Söhbetdeşler türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň toplumlaýyn ösmeginiň esasyny düzýän iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň özara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Taraplar 2024-nji ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bolan resmi saparyny belläp geçdiler. Kanun çykaryjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň duşuşygy yzygiderli gepleşikleri alyp barmak hem-de hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklamak üçin netijeli meýdança bolup durýandygy aýratyn nygtalyp geçildi.

12022025-v-parlamente-gruzii-rassmotreli-perspektivy-vzaimodejstviya-s-turkmenistanom (2).jpg

Duşuşygyň dowamynda parlamentara Dostluk toparynyň işiniň halkaryň arasyndaky özara düşünişmekdäki we konstruktiw hyzmatdaşlygy alyp barmakdaky netijeli gural bolup durýandygy we onuň orny barada aýdyldy. Taraplar ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has ösdürmäge hem-de berkitmäge taýýardygyny beýan etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026