Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler


21-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň, Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddiniň hem-de «Petronas Çarigali» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew, Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin, şeýle hem «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi bin Ismailiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň esasy wakasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda «Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» gol çekilmegi boldy. Bu waka malaýziýaly kompaniýanyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
«Petronas» kompaniýasynyň köpýyllyk işi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Kompaniýa türkmen ýaşlaryna Malaýziýanyň abraýly PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetinde bilim almaklary üçin yzygiderli talyp haklaryny hödürleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktorydygy hem buýsanç bilen bellenildi.
Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda 20-ä golaý resminama gol çekildi. Şu ýylyň iýun aýynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň hem-de «Türkmenistan–Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň 30 ýyly» atly halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Malaýziýanyň Milli Energetika uniwersitetiniň arasynda talyplaryň alyş-çalyş we akademiki hereketlilik maksatnamalary boýunça üç ylalaşyk baglaşyldy.
Mundan başga-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, «Petronas» kompaniýasy hem-de PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda baglaşylan Ähtnama işjeň durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde mugallymlar we talyplar Malaýziýada hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yzygiderli geçýärler.
Gol çekilen täze resminama bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin şertleri döreder we ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerini giňelder. Duşuşygyň ahyrynda taraplar Ähtnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ýakyn wagtda üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.
ORIENT







