HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe daşary ýurtly talyplaryň sanyny 500 müňe çenli ýetirmegi meýilleşdirýär

Fewral 10, 2025 | 15:50 |9381
Türkiýe daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrmak boýunça işler geçirýär. 2028-nji ýyla çenli olaryň sanyny 500 müňe çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.Türkiýe daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrmak boýunça işler geçirýär. 2028-nji ýyla çenli olaryň sanyny 500 müňe çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Çeşme: globaldialog.ru

Türkiýe daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrmak boýunça işler geçirýär. 2028-nji ýyla çenli olaryň sanyny 500 müňe çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda türk uniwersitetlerinde 340 müňe golaý daşary ýurtly talyplar bilim alýar. Munuň özi ýurdy bu görkeziji boýunça dünýäde sekizinji orna goýýar. Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy (Yükseköğretim Kurulu, YÖK) Erol Özwar bu maksada ýetmek üçin bilim maksatnamalary ösdürmek we daşary ýurtda, esasan hem, Ýakyn Gündogar, Afrika we Merkezi Aziýa ýurtlarynda täze okuw mekdeplerini açmak zerur bolup durýandgyny aýtdy. Bu strategiýanyň möhüm ugry inženeriýa we lukmançylyk ýaly tehnologiýa derslerine ähmiýet berilmegindedir. Bu hem Türkiýäniň zähmet bazarynyň zerurlyklaryna laýyk gelýär.

Mundan başga-da, ýurduň häkimiýeti ösüşe goşant goşmaýan maksatnamalary ýapmak bilen, ýokary bilimiň hilini gowulandyrmaga çalyşýar. Munuň özi diňe bir has köp mukdarda daşary ýurtly talyplary çekmän, eýsem ýurtda bilimiň umumy derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026