HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Santorinide ýertitreme – “seýsmiki toplumlaryň” bölegi

Fewral 05, 2025 | 16:15 |8116
Duşenbe güni seýsmiki işjeňligiň artmagy, mümkin bolan güýçli ýertitreme we ýanardagyň atylyşy bilen bagly gorkyny döredenden soň, Gresiýanyň Santorini adasyndan ýüzlerçe adamlar paromda gitmäge howlukdylar.Duşenbe güni seýsmiki işjeňligiň artmagy, mümkin bolan güýçli ýertitreme we ýanardagyň atylyşy bilen bagly gorkyny döredenden soň, Gresiýanyň Santorini adasyndan ýüzlerçe adamlar paromda gitmäge howlukdylar.
Çeşme: ru.euronews.com

Duşenbe güni seýsmiki işjeňligiň artmagy, mümkin bolan güýçli ýertitreme we ýanardagyň atylyşy bilen bagly gorkyny döredenden soň, Gresiýanyň Santorini adasyndan ýüzlerçe adamlar paromda gitmäge howlukdylar.
Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, duşenbe güni irden Santorinide Rihter çyzygy boýunça 4 balldan köp alty sany yranmalar, Amorgos adasynda bolsa 4,9 ball yranmalar hasaba alyndy.

Ýaşaýjylar ýapyk binalarda ýygnanmazlar ýaly habarly edildi. Olara güýçli ýertitreme bolan ýagdaýynda ewakuasiýa ýollaryny barlamak, uçutlardan uzakda durmak we binalaryň gurluş zaýalanmalaryny azaltmak üçin howuzlardan suwy dökmek maslahat berildi.

Santorininiň häkimi Egeý deňzindäki grek adalaryna düşen ýüzlerçe ýertitremeleriň “seýsmiki toplum” bolup, peselýänçä birnäçe hepdeläp dowam edip biljekdigini aýtdy.

“Bu hadysa uly bolmadyk ýertitremeler ýa-da bir sany has güýçliräk ýertitreme görnüşinde bolup, soňra kem-kemden peseler” – diýip, Nikos Zorzos belledi. Ol seýsmologlar bilen gürrüňdeşliginden soňra, seresaply optimizme ruhlanandygyny aýtdy. Seýsmologlar, toplumlary üýşmelerde bolup geçýän birnäçe birmeňzeş kuwwatly yranmalar hökmünde beýan etdiler.

Şenbe güni Santorini we goňşy Amorgos adasynyň arasynda 3-4,9 ball aralygynda ýüzlerçe ýertitremeler hasaba alnandan soňra, grek ýanardag adasyna halas ediji toparlar ugradyldy.

Häkimiýetler Santorinä yzçy-itleri we uçarsyz uçarlary bolan halas edijileri ugratdylar. Adanyň baş hassahanasynyň ýanyndaky basketbol meýdançasynda geçirilýän nokat hökmünde çadyrlar gurnaldy. Ýaşaýjylaryň ykjam telefonlaryna çökmeleriň bolup biljek ýerlerinden uzakda durmagyň zerurlygy hem-de käbir kenarýaka sebitlerine barmagyň gadagan edilendigi baradaky bildirişler iberildi.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026