HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýrandan Türkmenistana eksport möçberi ýokarlandy

Fewral 03, 2025 | 13:15 |6792
Eýranyň häzirki ýylynyň 9 aýy boýunça (2024-nji ýylyň 20-nji marty- 20-nji dekabry) Türkmenistana eýran nebit däl önümleriniň eksporty geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende (2023-nji ýylyň 21-nji marty – 21-nji dekabry) nyrh görkezijisinde 20,3 %, agram babatda 12,9 % ýokarlandy.Eýranyň häzirki ýylynyň 9 aýy boýunça (2024-nji ýylyň 20-nji marty- 20-nji dekabry) Türkmenistana eýran nebit däl önümleriniň eksporty geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende (2023-nji ýylyň 21-nji marty – 21-nji dekabry) nyrh görkezijisinde 20,3 %, agram babatda 12,9 % ýokarlandy.
Çeşme: en.irna.ir

Eýranyň häzirki ýylynyň 9 aýy boýunça (2024-nji ýylyň 20-nji marty- 20-nji dekabry) Türkmenistana eýran nebit däl önümleriniň eksporty geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende (2023-nji ýylyň 21-nji marty – 21-nji dekabry) nyrh görkezijisinde 20,3 %, agram babatda 12,9 % ýokarlandy.

Bu barada Eýranyň Gümrük dolandyryşyna salgylanyp, Trend habar berýär. Statistika maglumatlaryna görä, 9 aýyň dowamynda Türkmenistana eýran nebit däl önümleriniň eksport möçberi 1,15 mln tonna barabar bolup, onuň umumy bahasy 404 mln ABŞ dollaryna deň boldy.

Statistika maglumatlarynda geçen ýylyň şol döwri üçin Türkmenistana eýran nebit däl önümleriniň eksport möçberi 1,02 mln tonna barabar bolup, onuň umumy bahasy 336 mln ABŞ dollaryna deň bolandygy barada aýdylýar. Esasan hem, oba hojalyk we azyk harytlary, senagat harytlary, transformatorlar, suw howa sazlaýjylary, nebit-himiýa önümleri eksport edildi.

Statistika laýyklykda, 9 aýyň dowamynda Eýran bilen Türkmenistanyň nebit däl söwda dolanyşygy 1,16 mln tonna bolup, umumy bahasy 420 mln ABŞ dollaryna barabar boldy.

Eýranyň Gümrük dolandyryşynyň statistikasyna görä, Eýranyň häzirki ýylynyň 9 aýynyň dowamynda ýurduň nebit däl önümleriniň eksport möçberi 116 mln tonna bolup, umumy bahasy 43,1 mlrd ABŞ dollara deň bolandygyny bellemeli. 9 aýyň dowamynda eýran nebit däl önümleriniň eksport möçberi geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, nyrh görkezijisinde 18 %, agram babatda bolsa 13,8 % ýokarlandy.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026
Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

17:00 Oktýabr 16, 2026
ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

15:00 Oktýabr 16, 2026