HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bolaşak bekedinde halkara geçiş nokady öz işine täzeden başlar

Ýanwar 31, 2025 | 06:00 |6702
Almaty şäherinde “Kazakstan temir žoly” milli kompaniýasy” HJ-iň we “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleriň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol ulaglarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylarAlmaty şäherinde “Kazakstan temir žoly” milli kompaniýasy” HJ-iň we “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleriň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol ulaglarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Çeşme: rail-news.kz

Almaty şäherinde “Kazakstan temir žoly” milli kompaniýasy” HJ-iň we “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleriň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol ulaglarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar diýip “Rail-news.kz” habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň serhedinde ýerleşýän Bolaşak demir ýol bekedindäki bilelikdäki halkara geçelgesiniň işini dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Bu ädim otly alyş-çalyş işini çaltlaşdyrar we ýük daşamak üçin zerur gözden geçiriş wagtyny azaldar. Bu çäreler iki ýurduň arasyndaky ýük daşamalaryň mukdaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky ýük daşamalarynyň mukdary 1,6 million tonna barabardyr boldy diýip, “Kazakstan temiržolşysy” gazetinde bellenilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026