HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Doňan" Niagara şarlawugynyň täsin görnüşi köp syýahatçyny özüne çekdi

Ýanwar 30, 2025 | 23:10 |6706
Soňky döwürde ABŞ-nyň Milli meteorologiýa gullugy tarapyndan «asyrda bir gezek bolýar» diýip atlandyrylan «Elliott» gomy dünýäniň iň uly we Demirgazyk Amerikanyň iň giň şarlawugy bolan meşhur Niagara şarlawugyna hem täsir etdi. Ol Nýu-Ýork ştatynyň Buffalo şäherinden 27 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu şäher gom howa hadysasyndan iň köp ejir çekenleriň biriSoňky döwürde ABŞ-nyň Milli meteorologiýa gullugy tarapyndan «asyrda bir gezek bolýar» diýip atlandyrylan «Elliott» gomy dünýäniň iň uly we Demirgazyk Amerikanyň iň giň şarlawugy bolan meşhur Niagara şarlawugyna hem täsir etdi. Ol Nýu-Ýork ştatynyň Buffalo şäherinden 27 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu şäher gom howa hadysasyndan iň köp ejir çekenleriň biri
Çeşme: Shutterstock

Soňky döwürde ABŞ-nyň Milli meteorologiýa gullugy tarapyndan «asyrda bir gezek bolýar» diýip atlandyrylan «Elliott» gomy dünýäniň iň uly we Demirgazyk Amerikanyň iň giň şarlawugy bolan meşhur Niagara şarlawugyna hem täsir etdi. Ol Nýu-Ýork ştatynyň Buffalo şäherinden 27 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu şäher gom howa hadysasyndan iň köp ejir çekenleriň biri.

Niagara şarlawugy her ýyl millionlarça syýahatçyny özüne çekýän tebigy ajaýyp ýadygärlik bolup, ol Amerikanyň Nýu-Ýork ştatyny Kanadanyň Ontário welaýatyndan bölüp durýar.

Daily Mail neşiriniň habaryna görä, soňky 50 ýylyň iň güýçli gar tupanyndan birnäçe gün soň, buz bilen örtülen tebigy toplumyň üstünde ýagty älemgoşar peýda boldy. Bu hadysa köp sanly syýahatçynyň bu ýere gelmegine sebäp boldy. Şarlawugyň golaýyndaky gezelenç meýdançasy tanalmaz derejede üýtgedi: oturgyçlar, agaçlar we tutawaçlar galyň buz gatlagy bilen örtüldi. Şarlawugyň düýbünde uly buz bölekleri emele geldi.

Niagara şarlawugynyň «doňan» ýaly görünmegine garamazdan, onuň güýçli suw akymy öz ugrunda akmagyny dowam etdirýär. Bu täsin tebigy hadysasy, esasan, üstki suwlaryň doňmagy we suwuň ownuk damjalarynyň buzlaşmagy netijesinde döreýär.

Şarlawukdan her sekuntda 3160 tonna suw akýar, bu bolsa onuň hiç haçan doly doňmagyna ýol bermeýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, Amerikanyň tarapyndaky şarlawuk taryhda diňe bäş gezek bölekleýin doňdy. Şarlawuga gelen syýahatçylar bu adatdan daşary we owadan tebigy hadysany surata düşürip, ony sosial ulgamlarda paýlaşýarlar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Katar Döwletiniň meşhur «Al-Sharq» gazetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň makalasy çap edildi

Katar Döwletiniň meşhur «Al-Sharq» gazetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň makalasy çap edildi

18:13 Oktýabr 29, 2026
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026