HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda gidrometeorologiýa baradaky täze kanun: Howa barada has köp maglumatlar

Ýanwar 30, 2025 | 22:05 |7700
BMGÖM/Ýaşyl howa gaznasy (ÝHG) taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň goldawy bilen “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” taslamasynyň çäginde “Gidrometeorologiki işler barada” Türkmenistanyň kanunyny ara alnyp maslahatlaşylmagyna we hödürlenmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildiBMGÖM/Ýaşyl howa gaznasy (ÝHG) taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň goldawy bilen “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” taslamasynyň çäginde “Gidrometeorologiki işler barada” Türkmenistanyň kanunyny ara alnyp maslahatlaşylmagyna we hödürlenmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildi
Çeşme: orient.tm

BMGÖM/Ýaşyl howa gaznasy (ÝHG) taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň goldawy bilen “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” taslamasynyň çäginde “Gidrometeorologiki işler barada” Türkmenistanyň kanunyny ara alnyp maslahatlaşylmagyna we hödürlenmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gidrometeorologiýa gullugynda geçirilen çärä Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekillerini, “Türkmenistan” awia kompaniýasynyň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň wekillerini kadalaşdyryjy resminamalaryň taslamasyny göz geçirmekleri hem-de bilermenleriň düşündirişlerini bermekleri üçin bir ýere ýygnady.

30012025-zakon-o-gidrometeorologii-v-turkmenistane (2).jpeg

BMGÖM-iň Milli ugunlaşmak maksatmasynyň taslamasynyň menejeri Maýa Aşyrowa üýtgetme we goşmaçalar girizilen kanunyň we kanunlaryň taslamasynyň milli gidrometeorologiýa kadalaşdyrylyşyny güýçlendirmek üçin möhümdigini nygtady: “2024-nji ýylyň mart aýynda üýtgetme we goşmaçalar girizilen kanun, döwlet edaralara, kärhanalara we ilata üçin howa barada maglumatlarynyň elýeterliligini üpjün edýän gidrometeorologiki işler üçin kanun, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny emele getirýär. Kanuny taslamalar kanunyň netijeli durmuşa geçirilmegine mümkinçilik döreder we bu ugurda milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny güýçlendirer.

Tegelek stol gidrometeorologiki maglumatlary dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirildi. Esasy maksatlar, maglumatlary ýygnamakda, dolandyrmakda we ulanmakda köpeltmekden we boşluklardan gaça durmak üçin gyzyklanýan taraplaryň wezipesini anyk kesgitlemegi öz içine aldy. Şeýle hem, gatnaşyjylar kanunyň maksatlaryna laýyk gelýändigine göz ýetirmek üçin teklip edilýän durmuşa geçiriş strategiýalarynyň mümkinçiligine baha berdiler.

30012025-zakon-o-gidrometeorologii-v-turkmenistane (3).jpeg

Ara alyp maslahatlaşmanyň dowamynda gyzyklanýan taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümligi nygtaldy. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukukçysy Joragül Halbaýewa bilelikdäki işiniň möhümdigini belledi: “Gidrometeorologiki işler milli ösüşde, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almakda we howanyň çagyryşlaryna garşy durnuklylygy ýokarlandyrmakda orun eýeleýär. Dürli pikirleri we bilermenleriň eýeleýän ornuny göz tutup, diňe bir öňdebaryjy tejribä laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetiň we ykdysady pudaklaryň özboluşly zerurlyklaryny hem göz öňünde tutýan düzgünleri döretmäge kömek eder.”

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026