HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ulag statistikasy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrýar

Ýanwar 30, 2025 | 21:10 |5689
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri 30-31-nji ýanwarda BMG-niň ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guralan ulag statistikasy boýunça iki günlük okuw maslahatlaryna gatnaşdylarTürkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri 30-31-nji ýanwarda BMG-niň ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guralan ulag statistikasy boýunça iki günlük okuw maslahatlaryna gatnaşdylar
Çeşme: BMGÖM

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri 30-31-nji ýanwarda BMG-niň ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guralan ulag statistikasy boýunça iki günlük okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Okuw maslahatlarynyň maksady awtoulag ulaglary boýunça maglumatlary ýygnamak we seljermek usullaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Gatnaşyjylar ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň umumy mukdaryny hasaplamagyň täze usullary bilen tanyşdylar. Esasy üns ulag statistikasynyň möhüm görkezijilerine düşünmäge, maglumatlary has takyk jemlemäge we bar bolan ýazgylardaky kemçilikleri aradan aýyrmaga gönükdirildi.

“Geçen ýyl BMGÖM milli hyzmatdaşlary bilen bilelikde tutuş ýurt boýunça ýük we ýolagçy gatnawlarynyň saýlama barlagyny geçirdi. Bu barlagyň netijeleri bize ulag ulgamyna degişli has takyk statistiki maglumatlary almaga mümkinçilik berer, aýratyn hem ýolagçylaryň sanyny anyklamak we ýük gatnawlarynyň ugruny yzarlamak babatda, — diýip, BMGÖM-niň halkara bilermeni Swetlana Silaýewa belledi.— Mundan başga-da, biz şahsy awtoulag serişdeleri bilen amala aşyrylýan resmi hasaba alynmadyk gatnawlaryň bahasynyň möçberini kesgitlemek boýunça maglumatlary hem almaga mümkinçilik aldyk”.

30012025-turkmenstat (1).jpg

Geçirilen okuw maslahaty Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleriniň ulag statistikasy babatda bilim we başarnyklaryny ýokarlandyrmagyna ýardam edýär. Bu bolsa ulag pudagynda has ygtybarly maglumat ýygnamak we seljermek arkaly esasly çözgütleri kabul etmek üçin zerur şertleri üpjün edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026