HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Mona Liza" Luwr muzeýinde aýratyn otaga eýe bolar

Ýanwar 29, 2025 | 19:40 |6814
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, dünýä suratkeşliginiň iň meşhur eserleriniň biri bolan, italýan Galkynyş eýýamynyň ussady Leonardo da Winçiniň meşhur işi, Luwrdaky beýleki ekspozisiýalardan aýratynlykda ýerleşdirilip, aýratyn girelgesi bolan aýratyn zalda görkeziljekdigini habar berdi. Bu otaga girmek üçin aýratyn petek hem göz öňünde tutulandyrFransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, dünýä suratkeşliginiň iň meşhur eserleriniň biri bolan, italýan Galkynyş eýýamynyň ussady Leonardo da Winçiniň meşhur işi, Luwrdaky beýleki ekspozisiýalardan aýratynlykda ýerleşdirilip, aýratyn girelgesi bolan aýratyn zalda görkeziljekdigini habar berdi. Bu otaga girmek üçin aýratyn petek hem göz öňünde tutulandyr
Çeşme: gettyimages.com

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, dünýä suratkeşliginiň iň meşhur eserleriniň biri bolan, italýan Galkynyş eýýamynyň ussady Leonardo da Winçiniň meşhur işi, Luwrdaky beýleki ekspozisiýalardan aýratynlykda ýerleşdirilip, aýratyn girelgesi bolan aýratyn zalda görkeziljekdigini habar berdi. Bu otaga girmek üçin aýratyn petek hem göz öňünde tutulandyr.

«Mona Liza», «Jokonda» ady bilen hem tanalýan bu eser, häzirki döwürde Günbatar Ýewropa sungatynyň iň gymmatly suratlarynyň biri hasaplanýar. Surat diňe bir onuň ýokary çeperçilik derejesi we ussadyň beýikligi bilen däl, eýsem, onuň daşyndaky syrly gurşaw bilen hem giňden tanalýar. «Mona Liza» Ginnesiň rekordlar kitabyna, 100 million dollar ätiýaçlandyryş bahasy bilen, iň gymmat surat hökmünde girizildi. Käbir sungat bilermenleri suratyň bahasynyň 1 milliarddan 3 milliard dollara çenli ýetýändigini çaklaýarlar.

Leonardo da Winçi bu meşhur portreti derek agajynyň pannosyna ýagly boýag bilen çeken. Suratdaky zenan italýan asylzada Liza Gerardini bolup, ol ýüpek söwdagäri Françesko del Jokondonyň aýaly hasaplanýar. Bu surat, adamy toslama tebigat öňünde şekillendirýän ilkinji portretleriň biri bolup, Leonardo atmosferanyň uzakdaky zatlara täsirini takmynan görkezmegi ulanan ilkinji suratkeşleriň biri boldy: zenanyň arkasyndaky giň landşaft daglara çenli yza çekilýär.

Suratyň gurluşy portret žanrynyň nusgawy ülňüleriniň biri hasaplanýar. Onda sazlaşyk düzgünleri berk berjaý edilipdir: model takyk deň ölçegli göniburçuň çäginde ýerleşdirilen, saçynyň tolkun görnüşli burumlary ýuka örtük bilen sazlaşykly, elleriň ýerleşişi bolsa eseriň kompozisiýasyny jemleýär.

Emma tomaşaçylary has köp özüne çekýän zat «Mona Lizanyň» syrly ýylgyryşy bolup, ol asyrlaryň dowamynda alymlaryň, sungat bilermenleriniň we psihologlaryň üns merkezinde saklanyp gelýär. Onuň täsinlik we alasarmyk bilen beýan edilýän bu ýylgyryşy tomaşaçylary özüne bendi edýär.

Bu eser fransuz patyşasy Fransisk I-niň hem halan suratlarynyň biri bolup, ol ony bäş asyr mundan ozal satyn alypdyr. Häzirki wagtda Leonardo da Winçiniň bu meşhur eseri Fransiýa Respublikasynyň eýeçiliginde bolup, Luwr muzeýinde hemişelik sergide görkezilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026