HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Waşingtonda ýolagçy uçary dikuçar bilen çakyşdy

Ýanwar 30, 2025 | 14:35 |7304
Uiçitotdan (Kanzas ştaty) sebit gatnawyny amala aşyran American Airlines  kompaniýasynyň Bombardier CRJ700 uçary Waşingtonda Ronald Reýgan adyndaky Milli howa menzilinde peselip gonup başlan mahaly Black Hawk goşun dikuçary bilen çakyşdy. Heläkçilik 29-njy ýanwarda, çarşenbe güni ýerli wagt boýunça sagat 21:00 töwereklerinde bolup geçdi.Uiçitotdan (Kanzas ştaty) sebit gatnawyny amala aşyran American Airlines  kompaniýasynyň Bombardier CRJ700 uçary Waşingtonda Ronald Reýgan adyndaky Milli howa menzilinde peselip gonup başlan mahaly Black Hawk goşun dikuçary bilen çakyşdy. Heläkçilik 29-njy ýanwarda, çarşenbe güni ýerli wagt boýunça sagat 21:00 töwereklerinde bolup geçdi.
Çeşme: officelife.media

Uiçitotdan (Kanzas ştaty) sebit gatnawyny amala aşyran American Airlines kompaniýasynyň Bombardier CRJ700 uçary Waşingtonda Ronald Reýgan adyndaky Milli howa menzilinde peselip gonup başlan mahaly Black Hawk goşun dikuçary bilen çakyşdy. Heläkçilik 29-njy ýanwarda, çarşenbe güni ýerli wagt boýunça sagat 21:00 töwereklerinde bolup geçdi.

Resmi maglumatlara görä, Kanzasdan gelýän uçarda 60 ýolagçy we dört ekipaž agzasy bardy. Çaknaşykdan soň uçar we dikuçar Potomak derýasyna gaýtdy. Howa menzilinde ähli gatnawlar wagtlaýyn duruzyldy, heläkçilik ýerinde halas ediş işleri başlandy.

TASS rus agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, uçarda ABŞ-de tälimçi bolup işlän, jübüt figuraly typmak boýunça Russiýanyň ýygyndy toparynyň ozalky dünýä çempionlary Ýewgeniýa Şişkowa we Wadim Naumow dagy bardy. Şişkowa we Naumow 1998-nji ýyldan bäri ABŞ-de ýaşap, ol ýerde uzak ýyllaryň dowamynda tälimçi bolup işleýärdiler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar berşi ýaly, olar bilen bilelikde uçarda 14 amerikaly figuraly typmak boýunça türgenler bardy.

Halas edijiler ýaňy bir 18 heläk bolanlaryň jesedini tapyp bildiler, diri galanlar ýok. Munuň bilen birlikde, garaňkylyk, Potomak derýasynda pes temperaturasy we güýçli şemal sebäpli gözleg-halas ediş işleriň kynlaşandygy barada bellenilýär. ABŞ-niň Federal derňew edarasynda (FBI) jenaýatçylyk alamatlary ýüze çykarylmady.

Dikuçar türgenleşik uçuşlary amala aşyryp, onda üç sany harby gullukçy bardy. Olaryň durmuşy barada habar berilmeýär. Goranmak ministrligi heläkçiligiň derňewlerine geçdi, Pentagonyň başlygy ýolagçylaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna çyn ýüreginden gynançlaryny bildirdi.

Raýat awiasiýasynyň federal müdirliginiň maglumatlaryna laýyklykda, çaknyşygyň öň ýanynda peselip gonup ugran uçar dispetçerlerden gonuş ugruny üýtgetmek barada haýyş etdi. Haýyşy makullap, dispetçerler uçar bilen habarlaşyp, ýol bermegiňi soradylar. Bir muntdan az wagtdan soňra çaknyşyk bolup geçdi.

Prezident Donald Tramp bolup geçen waka barada habarly edildi.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026