HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly mugallym Beýik Britaniýa iş saparyny amala aşyrdy

Ýanwar 30, 2025 | 10:15 |7365
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iňlis dili mugallymy Çemen Wekilowa Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde Beýik Britaniýanyň Norij şäherine baryp gördi.Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iňlis dili mugallymy Çemen Wekilowa Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde Beýik Britaniýanyň Norij şäherine baryp gördi.
Çeşme: ru.wikipedia.org

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iňlis dili mugallymy Çemen Wekilowa Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde Beýik Britaniýanyň Norij şäherine baryp gördi.

Sapar Britan Geňeşi guramasynyň Accelerating English Language Learning in Central Asia (AELLCA) taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylyp, hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna, tejribe alşylmagyna hem-de iňlis diliniň we ýurduň medeniýetiniň çuňlaşdyryp öwrenilmegine gönükdirildi.

Bu sapar okuw işiniň möhüm ugry bolup, mugallymlaryň nazary bilimlerini we tejribe başarnyklaryny birleşdirdi, şeýle hem bilim ulgamy boýunça halkara gatnaşyklary pugtalandyrdy. Saparyň çäklerinde gatnaşyjylar Nile (Norfolk International Language Experience) meşhur dil mekdebine baryp gördüler. Mekdepde Merkezi Aziýanyň mugallymlary Angliýada okuw prosesini guramagyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen çaltlaşdyrylan seminarlary we ussatlyk sapaklaryny geçdiler.

Norij şäheriniň ýerli mekdeplerine we okuw edaralaryna saparlary amala aşyrmaklyga aýratyn üns berildi. Wekillere iňlis dili sapaklarynyň, şeýle hem beýleki mekdep dersleriniň geçişini syn etmäge mümkinçilik berildi. Mekdeplere baryp görmek britan mugallymçylyk usulyýetlerini, okuw prosesini gurnamakdaky çemeleşmeleri we okuwçylar bilen iş alyp barmagyň usullaryny öwrenmäge mümkinçilik berdi, bu hem möhüm tejribe boldy. Britan kärdeşleri bilen duşuşyklarynyň dowamynda okuw işiniň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026