HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we ABŞ bilim ulgamy babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

Ýanwar 30, 2025 | 09:44 |5892
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň  ABŞ-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi.Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň  ABŞ-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň ABŞ-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan bilim ulgamy boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri barada maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem iki ýurduň okuw mekdepleriniň arasynda akademiki alyş-çalşygy giňeltmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belläp geçdiler.

Türkmen tarapy BMG-niň kararnamalarynda berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna gabat gelýän hem-de“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlen şygar bilen geçýän 2025-nji ýylyň aýratyn ähmiýeti barada nygtady.

ABŞ-niň ilçisi, öz gezeginde, bilim ulgamy boýunça başlangyçlary goldamaga taýýardygyny beýan edip, döwrebap okuw usulyýetlerini ornaşdyrmaga, iňlis dilini ösdürmäge hem-de talyplar we mugallymlar üçin täze müminçilikleri döretmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň wajyplygyny belledi.

Taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga we bilim ulgamy babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirdiler. Bu hem adam maýasynyň ösmegine hem-de iki ýurduň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

11:04 Oktýabr 03, 2026
Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

10:54 Oktýabr 03, 2026
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026