HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy hem-de hyzmatdaşlar salgyt düzgünleşdirmeleri we BSG düzgünleri boýunça webinar geçirdi

Ýanwar 29, 2025 | 15:50 |6363
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy  “DÖM durmuşa geçirmek üçin platforma, III döwür” atly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde “Salgyt düzgünleşdirmeleri we Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünleri: töwekgelçilikleri azaltmak üçin amaly maslahatlar” atly mowzuk bilen webinar geçirdi.BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy  “DÖM durmuşa geçirmek üçin platforma, III döwür” atly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde “Salgyt düzgünleşdirmeleri we Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünleri: töwekgelçilikleri azaltmak üçin amaly maslahatlar” atly mowzuk bilen webinar geçirdi.
Çeşme: BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan berildi

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy “DÖM durmuşa geçirmek üçin platforma, III döwür” atly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde “Salgyt düzgünleşdirmeleri we Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünleri: töwekgelçilikleri azaltmak üçin amaly maslahatlar” atly mowzuk bilen webinar geçirdi.

Webinaryň barşynda gatnaşyjylar BSG çäklerinde salgyt salma meseleleri, şol sanda salgyt salma ulgamynda has amatly şert tertibiniň we milli tertibiň ýörelgelerini ulanmagyň çäklerinde olar bilen tanyş boldular. BSG-ä taze agzalaryň goşulşmagynyň şertlerinde salgytlar boýunça goşmaça borçnamalar giňişleýin seljerildi. Gatnaşyjylar täze salgyt kanunçylygyny işläp taýýarlamak işinde BSG düzgünleriniň bozulmagynyň we bu düzgünleriň salgyt dolandyryşda ulanmak tejribesinde töwekgelçilikleri azaltmak usullaryny öwrendiler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bütindünýä saglyk guramasyna goşulyşmagynyň çäklerinde salgyt salma ulgamynda milli özbaşdaklygyň üpjün edilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň strategiýasy hödürlenildi.

“Salgyt salma ulgamy – inçe bir ulgam bolup, onda islendik bir kararlaryň we halkara borçnamalaryň düýpli ykdysady we jemgyýetçilik netijeleri bolup bilýär. BSG düzgünlerini, olaryň ulanyş tejribesini bilmek, töwekgelçiliklere hem-de beýleki goşulşan ýurtlaryň ýalňyşlyklaryna düşünmek BSG-ä goşulyşmak işinde Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak üçin öňünden güýçli gepleşikler garaýşy barada pikirlenmäge hem-de ony taýýarlamaga mümkinçilik berer” – diýip, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara bilermeni hanym Anait Smbatýan belledi.

Çärä Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026