HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yslamabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Konsepsiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi

Ýanwar 29, 2025 | 22:05 |5746
Türkmenistanyň Päkistantandaky Ilçihanasynda ýerli KHBS-niň wekilleri üçin Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna bagyşlanan brifing geçirildiTürkmenistanyň Päkistantandaky Ilçihanasynda ýerli KHBS-niň wekilleri üçin Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi
Çeşme: pakistan.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Päkistantandaky Ilçihanasynda ýerli KHBS-niň wekilleri üçin Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifingde halkara giňişligindäki häzirki şertleri göz öňünde tutup, Türkmenistan häzirki çökgünligi ýeňip geçmek üçin halkara tagallalarynyň döredijilik meýdançasynda jemlenmegini we munuň üçin degişli syýasy we diplomatik şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegini goldaýandygy çärä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Bu ugurda Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdilmegi möhüm tapgyr boldy. Onda BMG-niň Tertipnamasynyň esasgoýujy maksatlary we ýörelgeleri, hususan-da, ýüze çykýan jedelli meseleleri parahatçylykly serişdeler we usullar arkaly çözmek baradaky borçnamalar öz beýanyny tapdy.

Brifinge gatnaşyjylar bu Kararnamanyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň amaly beýanyna öwrülendigini bellediler.

Brifingiň dowamynda gatnaşyjylar howpsuzlyk meseleleri, halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmek, şeýle hem bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goldamak, ylymda, döredijilikde we sportda ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi hem-de hemmetaraplaýyn ösmegi üçin şertler döretmek babatynda köptaraplaýyn düzümleriň çäginde Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ugurlaryny görkezýän Konsepsiýa barada maglumat bilen tanyşdylar.

Aslynda Türkmenistanyň başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologiki we amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr diýip, Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasynda bellenildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026