Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistan we Owganystan TАП-500 elektrik geçiriji taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar

Ýanwar 29, 2025 | 13:55 |6198
Türkmenistanyň energetika ministrliginiň halkara elektrik energetika taslamalary Müdirliginiň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň suw hojalygy we energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen TOP-500 taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Owezow we iki ýurduň beýleki resmi wekilleri gatnaşdy. Bu barada «Eurasia Today» habar berýär.Türkmenistanyň energetika ministrliginiň halkara elektrik energetika taslamalary Müdirliginiň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň suw hojalygy we energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen TOP-500 taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Owezow we iki ýurduň beýleki resmi wekilleri gatnaşdy. Bu barada «Eurasia Today» habar berýär.
Çeşme: newscentralasia.net

Türkmenistanyň energetika ministrliginiň halkara elektrik energetika taslamalary Müdirliginiň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň suw hojalygy we energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen TOP-500 taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Owezow we iki ýurduň beýleki resmi wekilleri gatnaşdy. Bu barada «Eurasia Today» habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Abdul Latif Mansur iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berdi we Türkmenistan-Owganystan 500 kW-lyk elektrik geçirijisiniň gurulmagynyň ähmiýetini belledi.

Ol halkara energetika köprüsi TOP (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) ähmiýetine ünsi çekip, Owganystanyň bu taslamany durmuşa geçirmäge taýýarlygyny mälim etdi. Şeýle hem, beýleki tehniki meseleleriň hem ýakyn wagtda utgaşdyryjy we tehniki ýygnaklar arkaly çözülmegine garaşýandygyny aýtdy.

Öz gezeginde, Myrat Artykow Türkmenistanyň TOP-500 taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýarlygyny belläp, taslamanyň ilerledilmegi üçin ýol kartasynyň taýýarlanandygyny we tassyklanylandan soň, amaly ädimleriň ediljekdigini habar berdi.

Duşuşygyň möhüm netijeleriniň biri hökmünde Owganystanda TOP taslamasynyň sekretariatynyň döredilmegi barada ylalaşyga gelindi. Taraplar, taslamany mundan beýläk hem maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň, Owganystanyň we Päkistanyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn gepleşikleri guramak hakynda hem ylalaşdylar.

Türkmenistan bilen Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy, Owganystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Kabulda guralan üçtaraplaýyn maslahatyndan soň geçirildi. Maslahata Owganystan, Türkmenistan we Çalik türk holding toparynyň wekilleri gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026