HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Taýland ýurda gelýän syýahatçylar üçin giriş düzgünleri üýtgetýär

Ýanwar 29, 2025 | 14:55 |6464
Taýlandyň hökümeti ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin migrasion kartanyň (TM6 görnüşi) hökmany doldurylmagyna dolanyp gelinýändigi barada habar berdi. Täzeçilik 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap güýje giriziler.Taýlandyň hökümeti ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin migrasion kartanyň (TM6 görnüşi) hökmany doldurylmagyna dolanyp gelinýändigi barada habar berdi. Täzeçilik 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap güýje giriziler.
Çeşme: pasporta.org

Taýlandyň hökümeti ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin migrasion kartanyň (TM6 görnüşi) hökmany doldurylmagyna dolanyp gelinýändigi barada habar berdi. Täzeçilik 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap güýje giriziler.

Taýlandyň Syýahatçylyk we sport ministrligine salgylanyp, Bangkok Post neşiriň berýän maglumatlaryna laýyklykda, TM6 görnüşi patyşalyga islendik ulag serişdesinde (howa, ýerüsti ýa-da deňiz) gelýän ähli daşary ýurtly raýatlar tarapyndan hökmany ýagdaýda doldurylmalydyr. TM6 görnüşiniň doldurylmagy mugt esasda onlaýn-görnüşde amala aşyrylar.

TM6 görnüşi Taýlanda giriş we ondan çykyş üçin immigrasion karta görnüşinde bolup, onda syýahatçylar öz pasport maglumatlaryny, syýahat baradaky maglumatlaryny (saparyň maksady, ýaşaýyş ýeri we ş.m.) hem-de habarlaşmak üçin maglumatlaryny görkezmeli.

TM6 görnüşiniň doldurylmagy Taýlanda awiasiýa ulagy bilen gelýän syýahatçylar üçin 2022-nji ýylyň iýulynda ýatyryldy. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinden 15-nji oktýabryna çenli hökümet serhediň üsti bilen geçişiň 16 sany ýerüsti we deňiz nokatlarynda bu görnüşiň doldurylmagy baradaky talaplary wagtlaýyn duruzupdy.

TM6 görnüşiniň ulanylmagyna gaýdyp gelmek baradaky karar Taýland bilen wizasyz tertibine eýe bolan ýurtlaryň raýatlary üçin elektron ygtyýarnama (ETA) ulgamyny girizmek boýunça meýillerine derek kabul edildi.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026