HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 3-nji integrirlenen olimpiada geçiriler

Ýanwar 29, 2025 | 13:05 |9418
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri hem-de zehin soraglary boýunça 3-nji integrirlenen olimpiada guraýar. Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri hem-de zehin soraglary boýunça 3-nji integrirlenen olimpiada guraýar. Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri hem-de zehin soraglary boýunça 3-nji integrirlenen olimpiada guraýar. Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.

Olimpiadanyň I tapgyry etrap derejesinde bolup, ol etrap merkezinde geçiriler. I tapgyra gatnaşjak etraplardaky mekdeplerden iň zehinli okuwçylaryň 20 sanysyny mekdebiň özi hödürleýär. I tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri hem-de zehin soraglary boýunça bolup, ol guramaçylyk topary tarapyndan düzülýär. I tapgyr 2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-15-i aralygynda geçiriler.

Olimpiadanyň II tapgyry welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher derejesinde bolup, ol I tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda welaýat merkezinde we paýtagtymyzda geçiriler. II tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça bolup, olar guramaçylyk topary tarapyndan düzüler. II tapgyr 2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde geçiriler.

Olimpiadanyň III tapgyry, ol II tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 2025-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda geçiriler. Jemleýji tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça bolar. Okuwçylaryň tomusky dynç alyş bilen bagly çykdajylary uniwersitetiň hojalyk hasaplaşygyndaky serişdeleriň hasabyna üpjün edilýär.

Bu olimpiadanyň ähli tapgyrlary türkmen we iňlis dillerinde geçiriler. Ýeňiji bolanlara uniwersitetiň diplomy we sowgatlary gowşurylar. Uniwersitet tarapyndan ýeňiji bolanlara ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmeklerine ýardam bermek maksady bilen, «Teklip haty» (Recommendation letter) berler.

Has giňişleýin maglumat almak üçin www.etut.edu.tm internet sahypasyna girip, tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Aşgabat şäheri boýunça jogapkär (+99365)87-88-70,

Arkadag şäheri we Ahal welaýaty boýunça jogapkär (+99362)09-09-03,

Balkan welaýaty boýunça jogapkär (+99362)60-15-78 ,

Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär (+99361)11-01-25,

Lebap welaýaty boýunça jogapkär (+99362)03-94-30,

Mary welaýaty boýunça jogapkär (+99365)88-44-29.

elektron poçta: oguzzehin@gmail.com

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026