HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sebitleýin ekologiýa merkezi Merkezi Aziýanyň durnukly geljege goşandyny belledi

Ýanwar 28, 2025 | 00:05 |6386
26-njy ýanwar – BMG tarapyndan Halkara arassa energiýa güni diýlip yglan edilen sene bolup, dünýä jemgyýetçiligi bu güni adamlaryň we planetanyň bähbidine arassa energiýa geçmekdäki ösüşleri bilen belleýär. Çaklamalara görä, şu ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ilkinji gezek dünýäde elektrik energiýasynyň iň uly çeşmesine öwrüler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň bahasy gitdigiçe arzanlaýar26-njy ýanwar – BMG tarapyndan Halkara arassa energiýa güni diýlip yglan edilen sene bolup, dünýä jemgyýetçiligi bu güni adamlaryň we planetanyň bähbidine arassa energiýa geçmekdäki ösüşleri bilen belleýär. Çaklamalara görä, şu ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ilkinji gezek dünýäde elektrik energiýasynyň iň uly çeşmesine öwrüler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň bahasy gitdigiçe arzanlaýar
Çeşme: ungeneva.org

26-njy ýanwar – BMG tarapyndan Halkara arassa energiýa güni diýlip yglan edilen sene bolup, dünýä jemgyýetçiligi bu güni adamlaryň we planetanyň bähbidine arassa energiýa geçmekdäki ösüşleri bilen belleýär. Çaklamalara görä, şu ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ilkinji gezek dünýäde elektrik energiýasynyň iň uly çeşmesine öwrüler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň bahasy gitdigiçe arzanlaýar.

«Halkara arassa energiýanyň gününi belläp, biz bu energiýa geçişiniň özgerişini kabul edýäris. Emma öňümizde uly kynçylyklar durýandygyna hem düşünýäris»-diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýüzlenmesinde bellenilýär. «Gazylyp alynýan ýangyjyň eýýamynyň soňuna ýetenine şübhe ýok. Ýöne hökümetler bu geçişi çalt we adalatly ýagdaýda amala aşyrmak üçin şertleri döretmeli». BMG arassa energiýa, durmuş-ykdysady ösüş we ekologiýa durnuklylygynyň özara baglanyşygyny aýratyn belleýär.

Halkara arassa energiýa gününiň öň ýanynda Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (MASEM) sebit ýurtlarynyň durnukly ösüşe goşandyny belläp geçdi. Sebit ýurtlary durnukly energiýany öňe sürmekde we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde öz ygrarlylygyny nygtaýarlar. MASEM-iň «Howanyň üýtgemegi we durnukly energiýa» atly programmasy Merkezi Aziýa ýurtlaryna pes uglerodly ösüş ýollaryny ornaşdyrmakda, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmakda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmakda goldaw berýär. Bu programma milli syýasatlara ýardam edip, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirlerini azaltmak boýunça netijeli strategiýalaryň kemala getirilmegine ýardam edýär. Şeýle hem bu programma esasy pudaklaryň we guramalaryň, şol sanda halkara hyzmatdaşlarynyň arasynda gepleşigi ösdürmäge itergi berýär.

Halkara arassa energiýa güni – arassa energiýa geçişini adalatly we hemmetaraplaýyn gazanmak üçin duýduryş we çagyryş bolup durýar.

Şeýle hem 26-njy ýanwar –gaýtadan dikeldilýän energiýa agentliginiň esaslandyrylan Halkara güni. Bu halkara hökümetara gurama 2009-njy ýylda döredilip, ýurtlaryň energiýa geçişlerini goldamak, halkara hyzmatdaşlyk üçin platforma hökmünde çykyş etmek we arassa energiýa babatyndaky tehnologiýalar, innowasiýalar, syýasatlar, maliýeleşdiriş we maýa goýumlar boýunça maglumatlary we derňewi bermek maksady bilen iş alyp barýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026