HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandaky UNFPA-nyň täze direktory wezipesine girişdi

Ýanwar 28, 2025 | 01:30 |6729
2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Çinwe Ogbonna UNFPA-nyň Gazagystandaky Ýurt boýunça wekili we Türkmenistanda hem-de Gyrgyzystanda Ýurt boýunça direktory wezipesine resmi taýdan girişdi. Bu barada BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy habar berdi. Ogbonna ählumumy, sebit we milli derejelerde 20 ýyldan gowrak ýolbaşçylyk tejribesine eýe bolup, uýgunlaşdyryjy liderlik, hökümetara gatnaşyklar we strategiýa hyzmatdaşlygy ugurlarynda ýöriteleşýär2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Çinwe Ogbonna UNFPA-nyň Gazagystandaky Ýurt boýunça wekili we Türkmenistanda hem-de Gyrgyzystanda Ýurt boýunça direktory wezipesine resmi taýdan girişdi. Bu barada BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy habar berdi. Ogbonna ählumumy, sebit we milli derejelerde 20 ýyldan gowrak ýolbaşçylyk tejribesine eýe bolup, uýgunlaşdyryjy liderlik, hökümetara gatnaşyklar we strategiýa hyzmatdaşlygy ugurlarynda ýöriteleşýär
Çeşme: turkmenistan.unfpa.org

2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Çinwe Ogbonna UNFPA-nyň Gazagystandaky Ýurt boýunça wekili we Türkmenistanda hem-de Gyrgyzystanda Ýurt boýunça direktory wezipesine resmi taýdan girişdi. Bu barada BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy habar berdi. Ogbonna ählumumy, sebit we milli derejelerde 20 ýyldan gowrak ýolbaşçylyk tejribesine eýe bolup, uýgunlaşdyryjy liderlik, hökümetara gatnaşyklar we strategiýa hyzmatdaşlygy ugurlarynda ýöriteleşýär.

Ol ylmy barlaglara esaslanýan strategiýalary ulanyp, häzirki we geljekki nesilleriň isleglerine laýyklykda netijeli dolandyryşy üpjün edýär. Şeýle hem, Çinwe Ogbonna aýallaryň, ýetginjek gyzlaryň we ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmek maksady bilen köptaraplaýyn maýa goýumlaryň giňeldilmeginiň zerurdygyny öňe sürýär.

UNFPA-daky häzirki wezipesine girişmezinden ozal, Çinwe Ogbonna saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmek we saglygy goraýyş ykdysadyýeti ýaly ugurlarda ýöriteleşip, UNFPA-nyň dürli wezipelerinde işledi. Mundan öň, ol ABŞ-nyň Keselleri gözegçilik we öňüni alyş merkezi (CDC) tarapyndan Efiopiýa iberilip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen, şeýle hem USAID, Halkara maşgala saglygy guramasy (FHI) we Nigeriýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etdi.

Çinwe Ogbonna, Nigeriýanyň raýaty bolup, farmasiýa boýunça bilime we Londonyň gigiýena we tropiki lukmançylyk mekdebinden saglygy goraýyş ulgamlaryny dolandyrmak boýunça magistr derejesine eýedir. Ol saglygy goraýyş ykdysadyýeti we maliýeleşdirilişi boýunça Edinburgdaky Queen Margaret Uniwersitetinde we Waşingtondaky Bütindünýä banky institutynda goşmaça bilim aldy. 2013-nji ýylda Rokfeller gaznasynyň talyp hakynyň eýesi bolup, durmuş innowasiýada ählumumy liderlik programmasyna gatnaşdy. Ol saglygy goraýyş ykdysadyýeti we syýasaty ugrundaky afrikaly hünärmenleriň jemgyýetine işjeň gatnaşýar hem-de strategiki hyzmatdaşlyga ýardam edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026