HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Tokioda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselesine garaldy

Ýanwar 28, 2025 | 01:30 |8221
Tokioda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Masaki Işikawa ýolbaşçylyk etdiTokioda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Masaki Işikawa ýolbaşçylyk etdi
Çeşme: mfa.gov.tm

Tokioda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Masaki Işikawa ýolbaşçylyk etdi.

27-nji ýanwarda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy boýunça okgunly ösdürilýändigi nygtaldy. “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji sammitiniň geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, taraplar iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna üns çekildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Söwda-ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berip, taraplar häzirki wagtdaky taslamalar we olary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Nebit-gaz we gazhimiýa pudagynda, elektroenergetika, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi. Şunda hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilen bilelikdäki komitetiniň işine uly ähmiýet berilýär.

Taraplar şeýle hem Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy hem-de onuň çäklerinde 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde guraljak Türkmenistanyň Milli gününi bellemek bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

28012025-turkmenistan-i-yaponii (1).jpg

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Hisaýuki Fudziiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşyldy. Taraplar dürli meseleler boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Hiroýuki Subaýyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň 2024-nji ýylyň 16-17-njy dekabrynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026