HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China Eastern Airlines 2025-nji ýylyň Gyşky Aziýa oýunlaryna bagyşlap howa menzillerde hyzmat ediş merkezlerini işledip başlaýar

Ýanwar 28, 2025 | 16:00 |6480
China Eastern Airlines iri hytaý awiakompaniýasy Hytaýyň iri şäherleriniň howa menzillerinde ýedi sany resmi geliş we gidiş hyzmat etmek merkezlerini açdy. Bu başlangyç 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Hytaýyň Heýlunszýan demirgazyk welaýatynyň paýtagty Harbinde IX Gyşky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwri awia ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin gönükdirilen.China Eastern Airlines iri hytaý awiakompaniýasy Hytaýyň iri şäherleriniň howa menzillerinde ýedi sany resmi geliş we gidiş hyzmat etmek merkezlerini açdy. Bu başlangyç 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Hytaýyň Heýlunszýan demirgazyk welaýatynyň paýtagty Harbinde IX Gyşky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwri awia ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin gönükdirilen.
Çeşme: chinadaily.com.cn

China Eastern Airlines iri hytaý awiakompaniýasy Hytaýyň iri şäherleriniň howa menzillerinde ýedi sany resmi geliş we gidiş hyzmat etmek merkezlerini açdy. Bu başlangyç 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Hytaýyň Heýlunszýan demirgazyk welaýatynyň paýtagty Harbinde IX Gyşky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwri awia ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin gönükdirilen.

Merkezler Şensi welaýatynyň Harbin, Şanhaý, Pekin, Sian, Guandun welaýatynyň Guançžou hem-de Demirgazyk-Günbatar Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň Urumçi şäheriniň howa menzillerinde ýerleşdirildi.

Çäräniň awiasiýa hyzmatlary boýunça resmi hyzmatdaşy hökmünde China Eastern Airlines 17-nji fewrala çenli hyzmat ediş merkezlerini dolandyrar. Awiakompaniýanyň çaklamalaryna görä, ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň birinji tapgyry takmynan, 31-nji ýanwarda garaşylýar. Şol wagt her günki geliş möçberi 100 ýolagçydan köpräk bolmagy mümkin.

Şu ýyl Gyşky Aziýa oýunlarynyň açylyşy Hytaýda Bahar baýramy bilen gabat gelýär. Awiakompaniýa ýolagçylara ýörite hyzmatlary teklip edýär. Şeýlelikde, üstaşyr geçme wagty 80 minutdan az bolan halkara syýahatçylar hem-de üstaşyr geçme wagty 60 minutdan az bolan içerki syýahatçylar amatly syýahaty üpjün etmek boýunça şahsylaşdyrylan maslahatlary alarlar.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026