HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Polşadaky bir kände 38 million ýyllyk daşa öwrülen iki agaç pürsi tapyldy

Ýanwar 25, 2025 | 18:35 |5699
Polşanyň gündogaryndaky Lýublin welaýatynyň Leşkowitse etrabynda ýantar kände 38 million ýyllyk daş bilen örtülen agaç pürsi tapyldy diýip, RMF FM radio stansiýasy habar berýär.Polşanyň gündogaryndaky Lýublin welaýatynyň Leşkowitse etrabynda ýantar kände 38 million ýyllyk daş bilen örtülen agaç pürsi tapyldy diýip, RMF FM radio stansiýasy habar berýär.
Çeşme: ratel.kz

Polşanyň gündogaryndaky Lýublin welaýatynyň Leşkowitse etrabynda ýantar kände 38 million ýyllyk daş bilen örtülen agaç pürsi tapyldy diýip, RMF FM radio stansiýasy habar berýär.

Maglumatlara görä, tapyndy 1,5 metr uzynlykdaky iki agaç böleginden ybarat. BJ Minerals kompaniýasynyň işgärleri tarapyndan tapylan bu pürsler, derňew üçin Gdansk uniwersitetiniň biologiýa bölümine tabşyryldy diýip, radio stansiýa belleýär.

Bu pürsler, azyndan 38 million ýyl mundan ozal bolup geçen wakalaryň dilsiz şaýatlarydyr. Şol döwürde bu ýerde sosna agaçlary bilen bilelikde magnoliýalar ösüpdir, kenar ýakasynda bolsa, belki, mangrow tokaýlary bolupdyr- diýip, gözleg işlerine gatnaşan biolog Blažeý Boýarskiý aýdýar. “Biz ilkinji gezek şeýle uly ölçegdäki daşa öwrülen pürsleri tapdyk, olaryň bize şol döwürde ýaşan ene agaç barada maglumat berip biljekdigine umyt edýäris. Bu agaç näme ýagdaýda öldi we şol bir wagtda ýantar känindäki pürsler bilen nädip bir wagtda ýerleşipdir, muňa-da düşünmäge mümkinçilik döreder” diýip, ol belleýär.

Bilermenleriň pikiriçe, bu tapyndy millionlarça ýyl mundan ozal bolup geçen klimat üýtgeşmelerine düşünmäge kömek eder. Biz bu nusgalaryň ýurdumyzda ýantaryň döremegi bilen baglanyşykly soraglara jogap tapmaga ýardam etjekdigine umyt edýäris. Bu bolsa diňe bir süýrenijileriň paleozoologiýasyny däl, eýsem paleoekologiýa we paleoklimatologiýa maglumatlaryny hem düşündirmek üçin täze mümkinçilikler döreder- diýip, alym aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalary kabul etmek möhletini uzaltdy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalary kabul etmek möhletini uzaltdy

22:20 Iýun 22, 2026