HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda “emeli Gün” ýakyldy

Ýanwar 25, 2025 | 15:45 |1318
2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Hytaýyň EAST atly synag termiki ýadro reaktory elektron plazmasyny saklamak boýunça täze rekord goýdy. Täsir 1066 sekuntlap dowam etdi, bu bolsa ozalky rekorddan üç esse diýen ýaly köp. Plazmanyň temperaturasy şol wagt 100 million °C töweregi boldy, bu Gün ýadrosynyň temperaturasyndan alty esse ýokarydyr. Reaktor ýakynda döwrebaplaşdyrylyp, täze rekordlara taýýar edildi.2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Hytaýyň EAST atly synag termiki ýadro reaktory elektron plazmasyny saklamak boýunça täze rekord goýdy. Täsir 1066 sekuntlap dowam etdi, bu bolsa ozalky rekorddan üç esse diýen ýaly köp. Plazmanyň temperaturasy şol wagt 100 million °C töweregi boldy, bu Gün ýadrosynyň temperaturasyndan alty esse ýokarydyr. Reaktor ýakynda döwrebaplaşdyrylyp, täze rekordlara taýýar edildi.
Çeşme: 3dnews.ru

2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Hytaýyň EAST atly synag termiki ýadro reaktory elektron plazmasyny saklamak boýunça täze rekord goýdy. Täsir 1066 sekuntlap dowam etdi, bu bolsa ozalky rekorddan üç esse diýen ýaly köp. Plazmanyň temperaturasy şol wagt 100 million °C töweregi boldy, bu Gün ýadrosynyň temperaturasyndan alty esse ýokarydyr. Reaktor ýakynda döwrebaplaşdyrylyp, täze rekordlara taýýar edildi.

EAST (Experimental Advanced Superconducting Tokamak ýa-da tokamak HT-7U) Anhoý welaýatynyň Hefeý şäherinde ýerleşýän reaktor ozalky rekordyny 2023-nji ýylyň aprel aýynda goýupdy. Şonda täsir 403 sekuntlap dowam edip, plazmanyň temperaturasy 100 million °C deň bolupdy. Reaktoryň üznüksiz işlemeginiň wagtyny 1000 sekunda ýetirmek, plazmanyň durnuklylygyny üpjün etmekde we ýokary temperatura çägini ýokarlandyrmakda möhüm ädim hasaplanýar.

Снимок.1.JPG

Gün ýyldyzynda termiki ýadro täsire başlamak üçin aşa ýokary temperaturalar zerur däl, sebäbi Gün ýyldyzynyň ýadrosynda “jemi” 15 million °C bar. Wodorod ionlaryny ýakynlaşdyryp, geliý sintezini başlatmak üçin ýadrolaryň güýçli täsirleşme ýagdaýyna geçmegi we elektrik itergisini ýeňip geçmegi zerurdyr. Emma Ýer ýüzünde reaktor kamerasynda Gün ýaly güýçli basyş döretmek mümkin däl, şonuň üçin temperatura ýokarlandyrylýar. Hytaý alymlarynyň aýdan 100 million °C görkeziji täsiriniň başlanylmagy üçin ýeterlik däl diýlip kabul edilýär.

Снимок.JPG

Mundan ozalky ýagdaýlaryň ählisinde elektron plazmasynyň temperaturasy barada gürrüň edilýärdi. Hytaýyň termiki ýadro desgalarynyň rekordlaryna garamazdan, ion plazmasy hakynda aýratyn maglumat berilmedi. Şol bir wagtyň özünde, täsiri başlatmak üçin ion plazmasyny, ýagny elektronlardan mahrum bolan ýadrolary 100 million °C-a çenli gyzdyrmak zerurdyr. Näme üçindir, hytaý tarapy ion plazmasyny gyzdyrmak boýunça rekordlar barada maglumat bermäge howlukmaýar.

Şeýle-de bolsa, täze belentlik gazanyldy. EAST reaktory kamerada 18 minuda golaý 100 million °C temperaturasyny saklady. Bu temperatura plazmanyň durnuklylygyny üpjün etmek bilen birlikde, täze tehnologiýalary we iş usullaryny gözlemek, şeýle hem materiallar bilen işlemegiň täze ýollaryny açmak üçin möhüm ädim boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalary kabul etmek möhletini uzaltdy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalary kabul etmek möhletini uzaltdy

22:20 Iýun 22, 2026