HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi

Ýanwar 25, 2025 | 13:00 |5489
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri M.Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri M.Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri M.Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen diplomaty M.Boçorişwilini Gruziýanyň Daşary işler ministri wezipesine bellenmegi bilen gutlady we oňa döwlet ähmiýetli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň möhüm ornunyň bardygy beýan edildi. Iki ýurduň iri halkara guramalarynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyň dogrusynda hem aýratyn durulyp geçildi.

Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen Rezolýusiýa esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek uly gerimdäki halkara çäreler barada Ministr M.Boçorişwilä habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbitleri üçin mundan beýläk-de ösjekdigine we berkejekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026