HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirdi

Ýanwar 25, 2025 | 09:15 |4987
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň gurnamagynda agentligiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirildi.«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň gurnamagynda agentligiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirildi.
Çeşme: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň gurnamagynda agentligiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahata agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri hem-de Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary barada buýsançly çykyş etdiler.

Şeýle hem, durmuşyň ähli ulgamlaryna barha giň gerim bilen ornaşýan tehnologiýalar ulgamyny kämilleşdirmekde hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döredilýän giň mümkinçilikler, bu babatda täze many-mazmuna eýe bolýan halkara hyzmatdaşlyklar barada giňişleýin durup geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artmagy, şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026