HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen işewür wekiliýeti Eýranda geçirilen “Kish Expo 2025” halkara sergisine gatnaşdy

Ýanwar 23, 2025 | 23:40 |6940
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti we oňa gatnaşyjy agzalary 18-24-nji ýanwar aralygynda Eýran adasynda geçirilýän “Kiş Expo 2025” halkara sergisine gatnaşdyTürkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti we oňa gatnaşyjy agzalary 18-24-nji ýanwar aralygynda Eýran adasynda geçirilýän “Kiş Expo 2025” halkara sergisine gatnaşdy
Çeşme: cci.gov.tm

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti we oňa gatnaşyjy agzalary 18-24-nji ýanwar aralygynda Eýran adasynda geçirilýän “Kiş Expo 2025” halkara sergisine gatnaşdy.

Eýranyň senagat, tehnologiýa, söwda, syýahatçylyk, medeniýet, sungat we maýa goýum mümkinçilikleri boýunça ilkinji halkara sergisi bilen birlikde ugurdaş mowzuklary we alty esasy ugry öz içine alýan şol sanda halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýumlary, üstaşyr we logistika mümkinçilikleri, senagat hyzmatdaşlyk, tehnologiýa alyş-çalşygy we syýahatçylyk boýunça maslahatlar hem geçirilýär.

170 stenddäki 250-den gowrak kompaniýa öz mümkinçiliklerini we işini 16 ýöriteleşdirilen ugurda hödürleýär: nebit-gaz we nebithimiýa, derman senagaty we azyk senagatyndan senetçilik we ş.m. “Kish Expo”-nyň ilkinji sergisiniň goýberilişine GDA, Ýakyn Gündogar, Günbatar we Gündogar Aziýa, Afrika, Gündogar Ýewropa, Aziýa we Hindi subkontinenti ýaly sebitleriň 40 ýurdyndan 300-den gowrak ilçi, işewür-maslahatçylar we telekeçiler gatnaşýar.

Sergi eksport mümkinçiligini giňeltmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek şeýle hem Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikler döretdi diýip, TSSE-da nygtaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026