Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen eminleri CAFA-nyň seminaryna gatnaşýarlar

Ýanwar 22, 2025 | 17:10 |7096
Türkmenistanyň Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) eminleri 20-24-nji ýanwar aralygynda Daşkentde geçirilýän Merkezi Aziýa futbol Birleşmesiniň (CAFA) eminler üçin gurnan seminaryna gatnaşýarlar. «Husma» myhmanhanasynda geçirilýän seminara CAFA agza ýurtlardan 23 emin we 2 synçy gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň futbol Federasiýasy habar berýär.Türkmenistanyň Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) eminleri 20-24-nji ýanwar aralygynda Daşkentde geçirilýän Merkezi Aziýa futbol Birleşmesiniň (CAFA) eminler üçin gurnan seminaryna gatnaşýarlar. «Husma» myhmanhanasynda geçirilýän seminara CAFA agza ýurtlardan 23 emin we 2 synçy gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň futbol Federasiýasy habar berýär.
Çeşme: tff.com.tm

Türkmenistanyň Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) eminleri 20-24-nji ýanwar aralygynda Daşkentde geçirilýän Merkezi Aziýa futbol Birleşmesiniň (CAFA) eminler üçin gurnan seminaryna gatnaşýarlar. «Husma» myhmanhanasynda geçirilýän seminara CAFA agza ýurtlardan 23 emin we 2 synçy gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň futbol Federasiýasy habar berýär.

Türkmenistandan seminara iki emin – Resul Mämmedow we Arslan Goşşanow gatnaşýar. Seminar FIFA-nyň futbol ýaryşlarynyň düzgünnamalaryna girizen üýtgetmeleri we 2025-nji ýylda CAFA tarapyndan ulanylyp başlanjak VAR ulgamyna degişli täzeliklere bagyşlandy.

Futbol yzygiderli ösýän we FIFA tarapyndan düzgünleri üýtgedilýän sport görnüşi bolandygy sebäpli, şeýle okuwlar eminler üçin örän möhüm hasaplanýar. Oýun düzgünleriniň iň soňky üýtgeşmeleri bilen tanyşmak we eminlikdäki täze ugurlary öwrenmek eminleriň ýokary hünär derejesini saklamagyna we oýunlaryň adalatlylygyny üpjün etmegine mümkinçilik berýär.

Türkmen eminleriniň CAFA-nyň seminaryna gatnaşmagy diňe bir olaryň hünär taýdan ösmegine däl, eýsem Türkmenistanda futbolyň umumy ösüşine hem itergi berýär.

Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasy (CAFA) Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFC) düzüm bölegi bolup, Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol federasiýalaryny öz içine alýandygyny bellemeli.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

17:40 Iýul 31, 2026