HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

V8-den ýüz öwürmegi müşderilerini ýitirmäge sebäp bolandygyny “Mersedes-AMG” kompaniýasynyň baş direktory boýun aldy

Ýanwar 20, 2025 | 12:15 |6036
V8-den ýüz öwürmegi müşderilerini ýitirmäge sebäp bolandygyny “Mersedes-AMG” kompaniýasynyň baş direktory boýun aldy. Subbrendiň ýolbaşçysy Mihael Şibe “Car” žurnaly bilen söhbetdeşlikde turbo görnüşli dört silindrli hereketlendirijä esaslanýan gibrid ulgamyna geçmegiň käbir alyjylar tarapyndan gowy garşy alynmandygyny aýtdy. “Şübhesiz biz V8 bilen gyzyklanýan müşderileri ýitirdik” – diýip “Mersedes-AMG”-iň başlygy mälim etdi. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda işjeň bolan “AMG C 63” kuwwatly gurluşyň saýlanylmagynyň dogrydygyny Şibe öňe sürýärV8-den ýüz öwürmegi müşderilerini ýitirmäge sebäp bolandygyny “Mersedes-AMG” kompaniýasynyň baş direktory boýun aldy. Subbrendiň ýolbaşçysy Mihael Şibe “Car” žurnaly bilen söhbetdeşlikde turbo görnüşli dört silindrli hereketlendirijä esaslanýan gibrid ulgamyna geçmegiň käbir alyjylar tarapyndan gowy garşy alynmandygyny aýtdy. “Şübhesiz biz V8 bilen gyzyklanýan müşderileri ýitirdik” – diýip “Mersedes-AMG”-iň başlygy mälim etdi. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda işjeň bolan “AMG C 63” kuwwatly gurluşyň saýlanylmagynyň dogrydygyny Şibe öňe sürýär
Çeşme: speedme.ru

V8-den ýüz öwürmegi müşderilerini ýitirmäge sebäp bolandygyny “Mersedes-AMG” kompaniýasynyň baş direktory boýun aldy. Subbrendiň ýolbaşçysy Mihael Şibe “Car” žurnaly bilen söhbetdeşlikde turbo görnüşli dört silindrli hereketlendirijä esaslanýan gibrid ulgamyna geçmegiň käbir alyjylar tarapyndan gowy garşy alynmandygyny aýtdy. “Şübhesiz biz V8 bilen gyzyklanýan müşderileri ýitirdik” – diýip “Mersedes-AMG”-iň başlygy mälim etdi. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda işjeň bolan “AMG C 63” kuwwatly gurluşyň saýlanylmagynyň dogrydygyny Şibe öňe sürýär.

Mihael Şibe “C 63” “portfolioda (bukjada) gaty möhüm awtoulag” diýip atlandyrdy. Hünärmen, Formula 1-iň iň täze tehnologiýasyny ulanýandygyny aýtdy. Resmi wekil super gibridiň sada satuwyny ýönekeý düşündirýär: onuň pikiriçe, “Mersedes-AMG” satyjylara we müşderilere tehnologiýany dogry düşündirip bilmedi, dogry täsir etmek mümkinçiligini elden gidirdi.

20012025_Мерседес2.jpg

Portfolioda “arassa” içerki ýangyç hereketlendirijilerinden we gibridlerden elektrik ulaglaryna çenli ähli görnüşli geçirijiler bolar. Şeýle-de bolsa, “Mersedes-AMG”-iň geljegi içerki ýangyç hereketlendirijileri bilen baglanyşykly däl: Mihael Şibe elektrik çekiji güýjiniň geçiş tizliginiň haýallamaly däldigine we geljekde ýokary öndürijilikli awtoulaglarda benzin hereketlendirijileriň bolmajakdygyna ynanýar.

20012025_Мерседес3.jpg

“Täze tehnologiýa bize köp mümkinçilikleri açýar. Içerki ýangyç hereketlendiriji bilen şu gün mümkin bolmadyk köp täze zatlar edip bilersiňiz” – diýip “Mercedes-AMG”-iň ýolbaşçysy mälim etdi. Gyzykly tarapy, üç aý ozal Mihael Şibe müşderileriň V8-iň elektrik çekiji güýji bilen çalşylmagyny asla duýmajakdygyny aýdypdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026