HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda Ýylan ýylyny garşylamaga taýýarlanýarlar

Ýanwar 20, 2025 | 12:20 |8522
Hytaýda şu ýyl 29-njy ýanwara düşýän “Çunsze” Bahar baýramyny garşylamaga taýýarlanýarlar diýip, Sinhua agentligi habar berýär.Hytaýda şu ýyl 29-njy ýanwara düşýän “Çunsze” Bahar baýramyny garşylamaga taýýarlanýarlar diýip, Sinhua agentligi habar berýär.
Çeşme: russian.news.cn

Hytaýda şu ýyl 29-njy ýanwara düşýän “Çunsze” Bahar baýramyny garşylamaga taýýarlanýarlar diýip, Sinhua agentligi habar berýär.

Bütin hytaý halky dürli baýramçylyk işler bilen meşgullanýar: täze ýyl sowgatlaryny satyn alýarlar, bezegleri, çeperçilik önümleri taýýarlaýarlar ýa-da satyn alýarlar we beýlekiler.

2025-nji ýyl – Hytaýyň däp Täze ýylyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginden soňra ilkinji gezek belleniljek ýylydyr.

Aý senenamasy boýunça Hytaýyň däp Täze ýyly mynasybetli umumymilli baýramçylyklar bilen baglanyşykly baýramçylykdan iki hepde öň “Çunýun” (“Bahar syýahatlary”) atly dünýäniň iň iri möwsümleýin ilat göçüşi başlady. Ýaşaýjylar HHR-iň beýleki welaýatlarynda ýaşaýan ýakyn garyndaşlaryny görmäge giderler.

Şu döwürde syýahatçylyk howsalasy we sebitara ýolagçy akymynyň möçberiniň artmagy bolup geçýär. “Bahar syýahatlaryň” möwsümi şu ýylyň 22-nji fewralyna çenli dowam eder.

Hytaý häkimiýetiniň berýän çaklamalaryna görä, ýaşaýjylar ýurt bounça iň köp 9 mlrd sebitara ýolagçy syýahatlaryny amala aşyrarlar. Göçmeleriň köp bölegi awtomobil ulaglary bilen (7,2 mlrd) amala aşyrylar, 510 mln gowrak adam demir ýol gatnawlaryndan peýdalanarlar, 90 mln ýolagçy bolsa – howa gatnawy bilen syýahat eder.

Baýramçylyk hepdesinde HHR-iň paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary seýilgählere we açyk howadaky beýleki syýahatçylyk ýerlerine mugt baryp bilerler, şeýle hem Pekiniň şäher golaýyndaky etraplaryna tizlikli garaýollardan mugt geçip bilerler.

“Çunsze” baýramçylyk döwründe Hytaýyň ýaşaýjylarynyň arasynda “ybadathana ýarmarkalary” uly meşhurlyga eýe bolup, ol ýerde adaty tanslara (ýolbarslaryň we aždarhalaryň tanslary) tomaşa edip bolýar.

2025-nji ýylda Hytaýda täze ýyl dynç-alyş günleri 28-nji ýanwarda başlap, sekiz gün dowam eder. Aý senenamasy boýunça Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyklar bir hepde öňünden, ýagny “Kiçi Täze ýylyndan” başlar, dabaranyň öň ýanyndaky işleriň yzygiderligi bolsa talabalaýyk günler boýunça düzülendir.

Şu ýyl Hytaýda Bahar baýramy daşary ýurtly raýatlar üçin wizasyz üstaşyr syýasatynyň gowşan şertlerinde geçirilýär. Girizilen täzeçilige laýyklykda, wizasyz üstaşyr geçirilişe hukugy (54 ýurduň raýatlary üçin hereket edýär) bar bolan daşary ýurtlylaryň HHR-iň çäginde galmak möhleti 72 sagatdan 144 sagat 10 güne çenli uzaldyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026