HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda iň eýjejik gyzjagaz saýlanar

Ýanwar 20, 2025 | 13:12 |8169
Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi “Iň eýjejik gyzjagaz-2025” herýylky bäsleşigiň geçirilýändigi barada habar berýärler.Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi “Iň eýjejik gyzjagaz-2025” herýylky bäsleşigiň geçirilýändigi barada habar berýärler.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi “Iň eýjejik gyzjagaz-2025” herýylky bäsleşigiň geçirilýändigi barada habar berýärler.

Bäsleşige ozal “Iň eýjejik gyzjagaz” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiş gazanmadyk ýurduň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik umumybilim berýän mekdeplerde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär. Welaýat tapgyrynda birinji we ikinji orunlara mynasyp bolan okuwçylar paýtagtda geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Bäsleşik dört tapgyr boýunça aşaky tertipde geçiriler:

Birinji tapgyr 2025-nji ýylyň 5-14-nji fewraly aralygynda umumybilim berýän mekdeplerde geçiriler;

Ikinji tapgyr 2025-nji ýylyň 21-28-nji fewralynda etraplarda we şäherlerde geçiriler, oňa bäsleşigiň mekdep tapgyrynda 1-nji we 2-nji orunlara mynasyp bolan zehinli gyzjagazlar gatnaşar;

Üçünji tapgyr 2025-nji ýylyň 3-7-nji marty aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriler;

Jemleýji tapgyr 2025-nji ýylyň mart aýynyň ikinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bäsleşigiň çäklerinde kiçijik gyzjagazlar dürli ugurlarda öz başarnyklaryny görkezerler. Hususan-da, Watanymyzy, şadyýan çagalygy, dostlugy we doganlygy wasp edýän goşgylary we aýdymlary labyzly okamak we ussatlyk bilen ýerine ýetirmek, türkmen milli egin-eşikleriniň gözelligini we el işiniň ussatlygyny açyp görkezmek.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan diplomlar we sowgatlar gowşurylar. Bäsleşigiň düzgünleri bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026