HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan TDG-niñ elektron ygtyýarlandyrma ulgamyna goşulşar

Ýanwar 16, 2025 | 16:07 |7241
Türkmenistan Türki Döwletleriñ Guramasyna (TDG) agza-ýurtlary üçin işlenilen elektron ygtyýarlandyrma ulgamyna goşulyşmaga taýýarlanýar. Bu barada TDG-niñ Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew Gurama agza-ýurtlarynyñ gümrük gulluklarynyñ başlyklarynyñ X mejlisinde habar berdi.Türkmenistan Türki Döwletleriñ Guramasyna (TDG) agza-ýurtlary üçin işlenilen elektron ygtyýarlandyrma ulgamyna goşulyşmaga taýýarlanýar. Bu barada TDG-niñ Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew Gurama agza-ýurtlarynyñ gümrük gulluklarynyñ başlyklarynyñ X mejlisinde habar berdi.
Çeşme: trend.az

Türkmenistan Türki Döwletleriñ Guramasyna (TDG) agza-ýurtlary üçin işlenilen elektron ygtyýarlandyrma ulgamyna goşulyşmaga taýýarlanýar. Bu barada TDG-niñ Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew Gurama agza-ýurtlarynyñ gümrük gulluklarynyñ başlyklarynyñ X mejlisinde habar berdi.

Ömüraliýew öz çykyşynda ulag tölegleriñ ösüşi we çylşyrymly resminama barlaglary ýaly ählumumy çagyryşlar şertinde gümrük we üstaşyr düzgünleriñ añsatlaşdyrylmagynyñ wajyplygy barada belledi. Onuñ aýtmagyna görä, munuñ ýaly başlangyçlaryñ durmuşa geçirilmegi sebitiñ ykdysady durnuklylygynda we ösüşinde möhüm ädim bolup durýar. Elektron ygtyýarlandyrma ulgamy agza-döwletleriñ arasynda söwdanyñ añsatlaşdyrylmagyna hem-de ulag aragatnaşyklaryñ gowulandyrylmagyna gönükdirilen "Türki dünýäniñ geljegi - 2040" TDG-niñ strategiki resminamasyna laýyk gelýär.

Baş sekretar 2022-nji ýylda YUNISEF bilen hyzmatdaşlykda Özbegistan bilen Azerbaýjanyñ arasynda TIR elektron ulgamynyñ ornaşdyrylmagynyñ üstünlikli tejribesi barada belläp geçdi.

"Türkmenistan bu başlangyja goşulyşmaga taýýarlanýar, bu bolsa sebitara integrasiýasynyñ ösdürilmeginde we türki döwletleriñ arasynda gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagynda möhüm ädim bolar" - diýip, Ömüraliýew belledi.

Şeýle-de ol "ÝURTA" atly Halkara awtodaşaýjylar assosiasiýalarynyñ birleşigi ýaly, şeýle hem Türki döwletleriñ logistik merkezleriniñ we ýük daşaýjylarynyñ birleşigi ýaly TDG-niñ beýleki başlangyçlary barada ýatlatdy. Bu hem halkara daşamalar boýunça utgaşdyrylyşa we hyzmatdaşlyga ýardam berýär.

Elektron ygtyýarlandyrma ulgamyna Türkmenistanyñ goşulyşmagy diñe bir üstaşyr düzgünlerini çaltlaşdyrman, eýsem TDG çäklerinde hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026