HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň Prezidenti Täjigistana sapar bilen geldi

Ýanwar 16, 2025 | 11:15 |6502
15-nji ýanwarda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan döwlet sapary bilen Täjigistana geldi. Bu barada «Howar» habar gullugy maglumat berdi15-nji ýanwarda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan döwlet sapary bilen Täjigistana geldi. Bu barada «Howar» habar gullugy maglumat berdi
Çeşme: avesta.tj

15-nji ýanwarda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan döwlet sapary bilen Täjigistana geldi. Bu barada «Howar» habar gullugy maglumat berdi.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbedäki halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany mähirli garşylady.

Howa menziliniň zalynda geçirilen gysga duşuşykda iki ýurduň liderleri Masud Pezeşkiýanyň Täjigistana ilkinji sapary we döwlet sapary bilen baglanyşykly meýilnamalary barada pikir alyşdylar. Taraplar bu saparyň iki ýurduň dil we medeni umumylygyna esaslanýan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypalary açjakdygyna ynam bildirdiler.

Masud Pezeşkiýanyň Täjigistana döwlet sapary 15–17-nji ýanwar aralygynda dowam eder. Saparyň dowamynda Täjigistan bilen Eýranyň ýokary derejeli duşuşyklary we gepleşikleri, hyzmatdaşlygyň täze resminamalarynyň köpüsine gol çekmek hem-de beýleki möhüm çäreler, şol sanda işewür, ylmy we edebi çäreler geçiriler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026