HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Balkan” zawodynda ilkinji gury ýük gämisiniň düýbi tutuldy

Ýanwar 10, 2025 | 15:10 |7154
6-njy ýanwarda “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody” AGPJ-de ilkinji gury ýük gämisiniň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi. Bu çärä zawodyň hünärmenleri we Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.” kompaniýanyň prezidenti Çhwe Ýon Ukuň ýolbaşçylygynda kompaniýanyň wekilleri gatnaşdy6-njy ýanwarda “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody” AGPJ-de ilkinji gury ýük gämisiniň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi. Bu çärä zawodyň hünärmenleri we Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.” kompaniýanyň prezidenti Çhwe Ýon Ukuň ýolbaşçylygynda kompaniýanyň wekilleri gatnaşdy
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

6-njy ýanwarda “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody” AGPJ-de ilkinji gury ýük gämisiniň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi. Bu çärä zawodyň hünärmenleri we Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.” kompaniýanyň prezidenti Çhwe Ýon Ukuň ýolbaşçylygynda kompaniýanyň wekilleri gatnaşdy.

Dabara zawodyň we ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynyň ösüşinde möhüm tapgyra öwrülen şanly waka boldy. Gäminiň dalagyny goýmak geljekki gurluşyň berkligini, ygtybarlylygyny we çydamlylygyny alamatlandyrýar. Täze ýük gämisi çeşmeleriň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek bilen, häzirki zaman ülňülerine laýyk geler.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi üçin gury ýük gämileriniň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag pudagynyň maddy-tehniki binýadyny gowulandyrmak baradaky 2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda çykaran Kararynyň çäginde amala aşyrylýar.

Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gäminiň gurluşygyny öz içine alýan bu taslama 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda başlandy. Gurulýan gämileriň ilkinji bölekleri 2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gurluşyk meýdançasyna getirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026