HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID-iň YDA taslamasy we “Telekeçiler mekdebi” JBK-sy ýaşlary telekeçilik boýunça tölegsiz okuwlara çagyrýar

Ýanwar 02, 2025 | 22:50 |13811
Maksatnamanyň maksady – ýaşlara öz telekeçilik işlerini üstünlikli açmak we ösdürmek üçin zerur bolan telekeçilik boýunça amaly bilimleri we başarnyklary bermekden ybarat. Maksatnama Türkmenistanda ýaşlar telekeçiligini ösdürmegine ýardam bermege gönükdirilenMaksatnamanyň maksady – ýaşlara öz telekeçilik işlerini üstünlikli açmak we ösdürmek üçin zerur bolan telekeçilik boýunça amaly bilimleri we başarnyklary bermekden ybarat. Maksatnama Türkmenistanda ýaşlar telekeçiligini ösdürmegine ýardam bermege gönükdirilen
Çeşme: USAID YDA

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” JBK-sy ýaşlar telekeçiligi ösdürmek boýunça maksatnama gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýär.

Maksatnamanyň maksady – ýaşlara öz telekeçilik işlerini üstünlikli açmak we ösdürmek üçin zerur bolan telekeçilik boýunça amaly bilimleri we başarnyklary bermekden ybarat. Maksatnama Türkmenistanda ýaşlar telekeçiligini ösdürmegine ýardam bermege gönükdirilen.

Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar telekeçilik işiniň esaslary, biznes ideýany işläp düzmek, biznes-meýilnamalaşdyrylyş, marketing we satuwlar, telekeçiligiň hukuk esaslary, maliýe meýilnamalaşdyrylyşy we menejment ýaly temalary öz içine alýan nazary we amaly sapaklary sazlaşykly birleşdirýän telekeçilik boýunça okuwlary geçerler. Şeýle hem, gatnaşyjylar milli maslahatçylardan we tejribeli telekeçilerden maslahatlary alarlar. Maksatnama USAID-iň YDA taslamasy tarapyndan we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” JBK-sy bilen bilelikde guraljak biznez taslamalarynyň bäsleşigi bilen tamamlanar. Gatnaşyjylar okuw döwründe işläp düzen biznes taslamalaryny hödürlärler we bu bolsa bäsleşigiň netijesinde iň gowy biznes ideýalary ýüze çykarmaga mümkinçilik berer. Bäsleşigiň ýeňijileri öz biznes taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin halypaçylyk kömegini, maýa goýum mümkinçiliklerini ýa-da beýleki goldawy alyp bilerler.

Maksatnama “Telekeçiler mekdebi” JBK-nyň şahamçalarynyň binýadynda Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda amala aşyrylar.

Maksatnama 2025-nji ýylyň fewral-aprel aralygynda amala aşyrylar.

Maksatnama telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän 18-28 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler

Maksatnamana gatnaşyjylar bäsleşik esasynda kesgitlener.

Maksatnama gatnaşmak tölegsiz.

Maksatnama gatnaşmak üçin 2025-nji ýanwar aýynyň 30-na sagat 14:00 çenli şu aşakda görkezilen link boýunça anketany dolduryp ýüz tutup bilersiňiz: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSf1G0MaRZ33ap0nYXxpiWYcXJgxdBCYqvz8YwjYhWS6uY5xjw/viewform

Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda şu elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: hatabayev@q2impact.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026