HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"TechYouth Bootcamp" maksatnamasynyň Türkmenabatdaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigi başlandy

Dekabr 27, 2024 | 22:35 |14704
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Tälim” okuw merkezi bilen bilelikde guraýan “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Türkmenabatdaky ikinji tapgyryna  gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýärUSAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Tälim” okuw merkezi bilen bilelikde guraýan “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Türkmenabatdaky ikinji tapgyryna  gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýär
Çeşme: USAID YDA

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Tälim” okuw merkezi bilen bilelikde guraýan “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Türkmenabatdaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýär.

Maksatnamanyň çäklerinde GRAFIKI DIZAÝN (ýokary dereje) ugry boýunça tölegsiz kurs guralar we geçiriler. Kurs tamamlanandan soň, guramaçylar maksatnamanyň uçurymlaryna işe ýerleşmekde ýardam bererler.

USAID-iň YDA Taslamasynyň “TechYouth Bootcamp” maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we “bootcamp” formatynda “doly çümmek” görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara hünär almaga we netijeli işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.

Bu maksatnama 2022-nji ýylda başlandy we şondan bäri Aşgabatda (1 tapgyr), Maryda (2 tapgyr) we Türkmenabatda (1 tapgyr) üstünlikli amala aşyryldy.

Okuwlaryň dowamlylygy: 2025-nji ýylyň ýanwar aýyndan iýul aýyna çenli.

Bu maksatnama 18-28 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler.

Gatnaşmak üçin şu baglanyşykdaky hasaba alyş anketany 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne sagat 14:00-a çenli doldurmaly:https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSfiaF7Y4pX5mCV6jhMasEk06RBoJclFpmZUClI51OrXIhU6KA/viewform

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň indiki tapgyrlaryny ýakyn wagtda Aşgabatda, Daşoguzda, Maryda we Türkmenbaşyda amala aşyrmagy meýilleşdirýär. USAID-iň YDA taslamasy bu şäherlerde maksatnama gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigi barada tiz wagtda yglan eder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026