Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa sapary: gepleşikleriň esasy netijeleri


18–19-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň çakylygy boýunça Malaýziýa resmi saparyny amala aşyrdy. Bu taryhy sapar, 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri dowam edip gelýän iki ýurduň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Sapar Putrajaýa şäherinde ýerleşýän Perdana meýdançasynda geçirilen dabara bilen başlandy. Resmi duşuşykdan soň Premýer-ministriň edara binasynda gepleşikler geçirildi, gepleşikleriň dowamynda taraplar energetika, ulag, medeniýet, bilim we syýahatçylyk ýaly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar nebit-gaz pudagynda, esasanam “PETRONAS” kompaniýanyň gatnaşmagynda üstünlikli hyzmatdaşlygy ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegi üçin esas bolup durýandygyny bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri uzak möhletleýin ösüşe we özara gülläp ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlygy berkitmek we sebit we halkara guramalarynyň çäginde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar, bu barada gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.
Taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup, ony deňhukuklylyk we özara bähbitler esasynda ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu nukdaýnazardan, türkmen-malaý işewürler geňeşini döretmäge özara taýýardyklaryny mälim etdiler.
Adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary we özara düşünişmegi ösdürmek üçin ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-barlag institutlarynyň arasynda alyş-çalyş maksatnamalaryny has-da berkidilmegini bellenildi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini gutladylar.
Şeýle hem, Malaýziýanyň Hökümeti bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamana, Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda şeýle hem Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamana gol çekilmegi bilen gutladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri iki ýurduň arasynda diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýelerine wiza talaplaryny kem-käsleýin ýatyrmak hakynda Ylalaşyk hakynda notalara, howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiasiýa senagaty babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalara, şeýle hem iki ýurduň halkara gatnaşyklar institutlarynyň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş pudagynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hakynda notlaryň alyşylmagyna şaýat boldylar.
Medeni we syýahatçylyk ugurlarynda taraplar iki ýurduň baý medeni mirasyny wagyz etmek maksady bilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşdylar. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Malaýziýada geçirilendigini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow geljek ýyl Malaýziýanyň Medeniýet günlerini Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyzdan takmynan 300-e golaý talybyň okaýan Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga türkmen raýatlarynyň gyzyklanmasy barada aýdyp, döwlet Baştutany Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň arasynda howa gatnawlarynyň gaýtadan ýola goýulmagynyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2028-nji ýylda Sarawak ştatynda Bütindünýä suw kongresini hem-de sergisini geçirmek baradaky çözgüdiň Malaýziýanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhümdigini tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany Türkmenistanyň ýokary derejede geçiriljek şu forumyň işine ýakyndan gatnaşjakdygyny nygtady.
Serdar Berdimuhamedow we Anwar Ibrahim, ynam we özara düşünişmek mümkinçiligi döretmek, şeýle hem sebitde durnuklylygy berkitmek üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny bellediler.
Saparyň netijeleri boýunça metbugat maslahatynda eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow gepleşikleriň konstruktiwligini nygtady we halkara bileleşigiň gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini aýtdy.
Energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda, gurluşyk, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar, innowasion şäher gurluşygy, syýahatçylyk ýaly birnäçe ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň uly geljegi görýäris diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.
Umuman aýdanyňda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa amala aşyrýan saparynyň netijelerine ýokary baha berdi: gazanylan ylalaşyklar we kabul edilen möhüm resminamalar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ep-esli çuňlaşdyrar we söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam eder.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” binasyna bardy hem-de bu ýerde “Petronas Carigali” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we onuň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäginde biziň ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Kuala-Lumpurda malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler, şolaryň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna şol sanda Türkmenistanyň bilen Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
ORIENT








