HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Internet ekologiýa olimpiadasynyñ jemleri jemlendi

Dekabr 13, 2024 | 11:00 |6841
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde III Halkara Internet ekologiýa olimpdiadasy tamamlandy.S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde III Halkara Internet ekologiýa olimpdiadasy tamamlandy.
Çeşme: Resmi türkmen metbugat gullugy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde III Halkara Internet ekologiýa olimpdiadasy tamamlandy.

Resmi türkmen metbugat gullugynyñ habar berişi ýaly, paýhas bäsleşigi Türkmenistanyñ, Russiýanyñ, Gyrgyzystanyñ, Türkiýäniñ, Özbegistanyñ, Gazagystanyñ, Eýranyñ, Indoneziýanyñ, Päkistanyñ, Malaýziýanyñ, Azerbaýjanyñ, ABŞ-niñ, Belarusyñ, Hytaýyñ we beýleki ýurtlaryñ ýokary okuw mekdepleriniñ talyplaryny ýygnady. Olaryñ arasynda I.Ýa.Ýakowlew adyndaky Çuwaş döwlet mugallçylyk uniwersiteti, Patris Lumumba adyndaky Russiýanyñ halklaryñ dostlugy uniwersiteti, Daşkendiñ döwlet oba hojalyk uniwersiteti, "Daşkendiñ oba hojalygyny suwaryş we mehanizmleşdirme inženerleriniñ instituty" Milli barlag uniwersiteti, Indoneziýanyñ Senagat himiýa-tehnologiýa politehniki instituty, Belarusyñ döwlet oba hojalyk tehniki uniwersiteti, Mianwali uniwersiteti (Päkistan). Gatnaşyjylar populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy; adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri; senagat ekologiýasy; ekologik monitoring; ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar bilen baglanyşykly ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Olary ýerine ýetirmek üçin jemi 1,5 sagat wagt berildi.

Habara laýyklykda, I derejeli diplomlara Türkmenistanyñ, Özbegistanyñ, Russiýanyñ, Belarusyñ, Päkistanyñ, Azerbaýjanyñ we Gazagystanyñ 30-dan gowrak talyplary mynasyp boldy. II derejeli diplomlara 50-ä golaý gatnaşyjy, III derejeli diplomlara bolsa - 80-den gowrak talyp ýaşlar mynasyp boldy.

Türkmenistanyñ ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ, Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we informatika institutynyñ, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ, Oguz han adyndaky Türkmenistanyñ Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniñ, Türkmen oba hojalyk institutynyñ, Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyñ, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ talyplary iñ gowy netijeleri görkezmegi başardylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026