HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar

Noýabr 30, 2024 | 10:11 |9251
Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Ýaponiýa döwleti bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Ýapon gaznasy” bilen baglaşylan Ähtnama laýyklykda institutda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işlerini alyp barýan ýaponiýaly hünärmenler Hiroşi Ito we Naruhito Katsu hem-de geljekki iki ýylda bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek maksadyna eýerip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen hanym Yufu Iwainiň gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi.Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Ýaponiýa döwleti bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Ýapon gaznasy” bilen baglaşylan Ähtnama laýyklykda institutda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işlerini alyp barýan ýaponiýaly hünärmenler Hiroşi Ito we Naruhito Katsu hem-de geljekki iki ýylda bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek maksadyna eýerip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen hanym Yufu Iwainiň gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Ýaponiýa döwleti bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Ýapon gaznasy” bilen baglaşylan Ähtnama laýyklykda institutda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işlerini alyp barýan ýaponiýaly hünärmenler Hiroşi Ito we Naruhito Katsu hem-de geljekki iki ýylda bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek maksadyna eýerip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen hanym Yufu Iwainiň gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanly bilim işgärlerinden Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimow, bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri S.Durdyýew, mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň uly ylmy işgäri O.Berdiýew gatnaşdylar.

Duşuşykda ýurdumyzda soňky iki ýylyň dowamynda iş saparynda bolýan ýaponiýaly hünärmenler Hiroşi Ito we Naruhito Katsu umumybilim berýän orta mekdeplerde ýapon diliniň okadylyşy bilen ýakyndan tanyşyp, okuwçylaryň ýapon dili dersine bolan höwesini uly gyzyklanma bilen synlandyklaryny, türkmen mekdep okuwçylary bilen ýapon dilinde sorag-jogap alyşandyklary barada täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem, myhmanlar ýapon dilini okadýan mugallymlara bu dili okatmagyň usulyýeti boýunça usuly maslahatlary bererendiklerini we tejribelerini paýlaşandyklaryny aýtdylar.

Ýaponiýa döwletinde ýurdumyza iş sapary bilen gelen hünärmenleriň türkmenistanly bilim işgärleri bilen bilelikde okuw kitaplaryny taýýarlandyklaryny bellemek gerek. Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň 12-nji synpy üçin täze neşir edilen “Ýapon dili” okuw kitaby munuň aýdyň mysalydyr. Bu okuw kitaby Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hödürlemegi bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan köpçülikleýin çap edildi. Okuw kitaby ýaş nesillerimize ýapon dilini netijeli öwretmäge, olarda türkmen dili bilen birlikde daşary ýurt dillerini hem yhlasly öwrenmeklige bolan gyzyklanmany hem-de höwesi ýokarlandyrmaga uly itergi berer.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ýaşlaryň täze, döwrebap bilim almaklaryna, şol sanda iki halkyň arasyndaky dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmeklige uly ýol açýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026