HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

PFL-ň finaly: Döwletjan Ýagşymyradow - Impa Kasanganaýa. Haýsy platformalardan tomaşa etmeli

Noýabr 29, 2024 | 17:25 |13151
Tutluşyk 29-dan 30-njy noýabra geçilýän gijesinde geçirilerTutluşyk 29-dan 30-njy noýabra geçilýän gijesinde geçiriler
Çeşme: mma.metaratings.ru

Türkmenistanly garyşyk söweş sungatynyň ussady Döwletjan Ýagşymyradow karýerasyndaky iň möhüm bir söweşini geçirer. 29-dan 30-njy noýabra geçilýän gijesinde, PFL Season Championships ýaryşynyň finalynda amerikaly Impa Kasanganaý bilen duşuşar.

Söweş Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherindäki “King Saud University” Arena-da bolar. Öňde diňe bir PFL-ň ýeňil agyr agramda çempionlyk däl, eýsem 1 million amerikan dollar baýrak hem bar. 35 ýaşly Ýagşymyradow ýaryşyň esasy kardynda çykyş eder. Aşgabat wagty bilen sagat 23: 00-dan başlap tutluşyklar badalga alar. Türkmen türgeniň söweşi biraz soňra başlar.

Frame 47 (17).png

Döwletjan Ýagşymyradowyň professional rekordy: 24 ýeňiş, 1 deňlik we 7 utulyş. Boýy: 180 sm. 30 ýaşyndaky Impa Kasanganaýyň rekordy 17 ýeňiş we 4 ýeňiş. Boýy - 183 sm.

Söweşi ESPN +, Sport + we Setanta Sport kanallarynda, Belet Video şeýle hem Okko onlaýn-kinoteatrynda görüp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatdaky täze lukmançylyk merkezleri we Arçman şypahanasynyň täze goşmaça binalar toplumy lukmanlaryň hünär baýramy mynasybetli açylar

Aşgabatdaky täze lukmançylyk merkezleri we Arçman şypahanasynyň täze goşmaça binalar toplumy lukmanlaryň hünär baýramy mynasybetli açylar

06:08 Sentýabr 19, 2026
DIM-däki brifing: Aşgabat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyna nähilli başlangyçlar bilen barýar

DIM-däki brifing: Aşgabat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyna nähilli başlangyçlar bilen barýar

06:02 Sentýabr 19, 2026
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

23:30 Sentýabr 18, 2026