HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Türkiýäniň ilat statistikasy boýunça tejribesini öwrenýär

Noýabr 28, 2024 | 13:05 |7474
25-30-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Raýat ýagdaýlarynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň wekilleriniň düzümindäki Türkmenistanyň bilermenler wekiliýeti Türkiýäniň Ankara şäherinde saparda bolar.25-30-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Raýat ýagdaýlarynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň wekilleriniň düzümindäki Türkmenistanyň bilermenler wekiliýeti Türkiýäniň Ankara şäherinde saparda bolar.
Çeşme: BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasy tarapyndan hödürlenildi

25-30-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Raýat ýagdaýlarynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň wekilleriniň düzümindäki Türkmenistanyň bilermenler wekiliýeti Türkiýäniň Ankara şäherinde saparda bolar.

Bu sapar ilat statistikasy we raýat ýagdaýlarynyň namalaryny hasaba almak işini sanlylaşdyrmakda Türkiýäniň tejribesini öwrenmek maksady bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasynyň hemaýaty bilen guraldy.

Wekiliýet saparyň çäklerinde demografiýa maglumatlary ýygnamakda we olary işlemekde Türkiýäniň esasy jogapkär döwlet edaralarynyň işi bilen tanyşar. Bilermenler Raýat ýagdaýlarynyň namalaryny hasaba almagyň Merkezi ulgamy (MERNIS), Salgylaryň Milli maglumatlar gory (NAD) we Salgylaryň esasynda ilaty hasaba almak ulgamy (ABPRS) ýaly öňdebaryjy ulgamlaryny öwrenýärler. Registrleriň esasynda ilat ýazuwyny geçirmekde, şeýle hem raýat ýagdaýlarynyň namalaryny bellige almak ulgamynyň işi we ilatyň tebigy hereketleriniň statistikasy boýunça Türkiýäniň tejribesine aýratyn ähmiýet beriler.
Türkmen bilermenleri işewür prosesleri, sanly gurallar we ilat bilen özara gatnaşygyň tejribesi bilen jikme-jik tanyşmak maksay bilen Raýat ýagdaýlarynyň namalaryny hasaba almak müdriligine bararlar. Şeýle-de wekiliýet statistika hasabatyny kämilleşdirmek we demografiýa maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda öňdebaryjy türk tejribelerini uýgunlaşdyrmak we ornaşdyrmak mümkinçilikerini seljerýär.

Bu sapar bilim we tejribe alyşmak, şeýle hem bilelikdäki barlag taslamalary we ilat statistikasy babatda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança hödürleýär. Bu waka ilat statistikasy babatda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmadaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edip, Türkmenistanda bu ugurda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin oňyn şertleri döredýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026