HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Howpsuzlyk ugry: Türkmenistan BMG bilen ulag pudagynda hyzmatdaşlygy berkitýär

Noýabr 27, 2024 | 21:25 |8197
27-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todtuň arasynda duşuşyk geçirildi.27-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todtuň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

27-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todtuň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar soňky ýyllarda Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança hökmünde özüni görkezendigini bellediler. Bütindünýä durnukly ulag gününi goldamakda möhüm başlangyç bolan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” (ITTC-2024) atly halkara maslahatyna we serginie aýratyn üns berildi.

Bu çäräniň BMG-niň “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly älhumumy başlangyjyny goldaýandygy şeýle-hem 2025-nji ýylyň fewralynda Marrakeş şäherinde geçiriljek ýol howpsuzlygy boýunça 4-nji Bütindünýä ministrler maslahatynyň äheňini kesgitländigini bellenildi.

27112024-turkmenistan-sotrudnichestvo-s-oon-v-transportnoj-sfere (1).jpg

Söhbetdeşler Türkmenistanyň ýol-ulag hadysalaryny azaltmagyň üstünliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki zaman ýollaryň gurulmagyna, awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyna, ýol düzgünlerini berjaý edişine berk gözegçilik etmek ýaly çärelere aýratyn ünsi çekdiler.

Şeýle hem ulag pudagynda netijeli köptaraplaýyn çemeleşmeleriň emele gelmegine itergi berýän Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ähmiýeti bellendi.

Taraplar, ählumumy ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm goşant boljak ygtybarly, elýeterli we durnukly ulag infrastrukturasyny döretmek ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026