HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Watan” kinokonsert merkezinde Maýyplygy bolan adamlaryň halkara gününe bagyşlanan konsert geçiriler

Noýabr 25, 2024 | 23:51 |1133
Myhmanlara uly söýgi we yhlas bilen taýýarlanan täsirli tanslar, ýakymly aýdymlar, gyzykly sahna oýunlary we mähirli goşgylar garaşýar.   Çäre her adamyň mümkinçiliklerine garamazdan öz zehinini açyp görkezip bilýän we sesiniň duýulýan inklýuziw jemgyýeti döretmekde ýene bir ädim bolar.Myhmanlara uly söýgi we yhlas bilen taýýarlanan täsirli tanslar, ýakymly aýdymlar, gyzykly sahna oýunlary we mähirli goşgylar garaşýar.   Çäre her adamyň mümkinçiliklerine garamazdan öz zehinini açyp görkezip bilýän we sesiniň duýulýan inklýuziw jemgyýeti döretmekde ýene bir ädim bolar.
Çeşme: Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti tarapyndan hödürlendi

3-nji dekabrda “Watan” kinokonsert merkezinde Maýyplygy bolan adamlaryň halkara gününe bagyşlanan Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň konserti geçiriler. Çäre Ýewropa Bileleşiginiň we “Ýaş ýardamçy” HJ-niň kömegi bilen geçirilýär.

Konsert döredijiligiň we ruhy güýjüň hakyky baýramçylygyna öwrüler. Konsertiň maksatnamasynda birnäçe aýlaryň dowamynda ajaýyp döredijilik çykyşlaryny taýýarlan ses we görüş bozulmalary bolan adamlar çykyş ederler.

1

Myhmanlara uly söýgi we yhlas bilen taýýarlanan täsirli tanslar, ýakymly aýdymlar, gyzykly sahna oýunlary we mähirli goşgylar garaşýar. Çäre her adamyň mümkinçiliklerine garamazdan öz zehinini açyp görkezip bilýän we sesiniň duýulýan inklýuziw jemgyýeti döretmekde ýene bir ädim bolar.

“Ähliňizi bu üýtgeşik agşamy paýlaşmaga we bizi öz göreldesi bilen adam ruhunyň güýjüne ynanmaga ruhlandyrýan artistleri goldamaga çagyrýarys” – diýip, guramaçylar belleýär.

Konsertiň başlaýan wagty sagat 18:00, hemmeler üçin giriş mugt.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026