HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Belavia” göni we üstaşyr gatnawlaryna 50 % çenli arzanlaşyk yglan edti

Noýabr 22, 2024 | 14:56 |26619
“Belavia” Belarusyň döwlet howa kompaniýasy göni gatnawlaryň hem-de Minskde durup münýän ýolagçylar üçin 50 % çenli arzanlaşyklary yglan etdi. Bu barada howa kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp BELTA habar berýär.“Belavia” Belarusyň döwlet howa kompaniýasy göni gatnawlaryň hem-de Minskde durup münýän ýolagçylar üçin 50 % çenli arzanlaşyklary yglan etdi. Bu barada howa kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp BELTA habar berýär.
Çeşme: belta.by

“Belavia” Belarusyň döwlet howa kompaniýasy göni gatnawlaryň hem-de Minskde durup münýän ýolagçylar üçin 50 % çenli arzanlaşyklary yglan etdi. Bu barada howa kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp BELTA habar berýär.

Minskden, Gomelden, Brestden we gaýdyşyn tertip boýunça ähli göni gatnawlaryň arzanlandyrylan biletlerini 22-24-nji noýabr aralygynda satyn alyp bolýar. Syýahatyň döwri – 2024-nji ýylyň 22-nji noýabryndan 2025-nji ýylyň 29-njy martyna çenli (şol güni hem hasaba almak bilen).

22-30-njy noýabr aralygynda üstaşyr gatnawlary üçin görkezilen iň pes nyrhlaryndan 50 % çenli arzanlaşyk aşakdaky ugurlar boýunça hereket eder (iki tarapa): Sankt-Peterburg – Minsk – Baku/ Ýerewan/ Astana/ Tbilisi/ Batumi/ Kutaisi/ Dubaý/ Stambul/ Deli/ Daşkent/ Türkmenbaşy/ Urumçi; Moskwa - Minsk – Baku/ Ýerewan/ Astana/ Tbilisi/ Batumi/ Kutaisi/ Dubaý/ Stambul/ Deli/ Daşkent/ Türkmenbaşy/ Urumçi; Kaliningrad – Minsk – Baku/ Ýerewan/ Astana/ Tbilisi/ Batumi/ Kutaisi/ Dubaý/ Stambul/ Deli/ Daşkent/ Türkmenbaşy/ Urumçi; Soçi – Minsk – Astana/ Daşkent; Ýekaterinburg – Minsk – Baku/ Ýerewan/ Tbilisi/ Batumi/ Kutaisi/ Stambul; Kazan – Minsk – Baku/ Ýerewan/ Tbilisi/ Batumi/ Kutaisi/ Dubaý/ Stambul/ Daşkent; Urumçi – Minsk – Baku/ Ýerewan/ Tbilisi/ Batumi/ Kutaisi/ Stambul. Syýahat döwri – 2024-nji ýylyň 22-nji noýabryndan 2025-nji ýylyň 29-njy martyna çenli (şol güni hem hasaba almak bilen).

Şeýle-de “Belavia”-da bu nyrhlar boýunça satyn alynan biletleriň yzyna alynmaýandygy hem-de gatnawda arzanlaşyk boýunça ýerleriň çäkli bolandygy barada habar berdiler. Ikitaraplaýyn ugur boýunça bu nyrhlar üçin bellenilen ýerde galmagyň iň uzyn möhleti bir aýa barabar.

Göni gatnawlara aksiýa biletini howa daşaýjynyň resmi saýtynda satyn alyp bolýar. Munuň bilen birlikde, üstaşyr gatnawlaryň biletlerini diňe saýtda däl, eýsem howa kompaniýanyň satuw edaralarynda we agentlerinde alyp bolýar.

Promokody girizmek hökman däldir: gerekli ugry görkezip, “Promo” nyrh brendini tapmaly. “Promo” nyrhy boýunça satyn alynan biletlere 12 ýaşa çenli çagalar üçin arzanlaşyklar degişli däldir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

21:55 Iýul 21, 2026
Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

21:50 Iýul 21, 2026
Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

20:00 Iýul 21, 2026