HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen mugallymlary hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara gatnaşýar

Noýabr 21, 2024 | 09:55 |8777
2024-nji ýylyň 18-26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binasynda ýurduň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Türkmenistandaky okuw edaralarynyň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak kurslary geçirilýär.2024-nji ýylyň 18-26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binasynda ýurduň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Türkmenistandaky okuw edaralarynyň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak kurslary geçirilýär.
Çeşme: education.gov.tm

2024-nji ýylyň 18-26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binasynda ýurduň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Türkmenistandaky okuw edaralarynyň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak kurslary geçirilýär.

Okuwlar Naberežnyý Çelnyý döwlet pedagogika uniwersitetiniň tejribeli hünärmenleri we kafedralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan geçirilýär.

Okuwlar 2024-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda "Saglygy goraýyş, bilim we sport: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe" atly halkara ylmy maslahatyň çäginde gol çekilen, Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Naberežnyý Çelnyý döwlet pedagogika uniwersitetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurnalýar.

Hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça kurslaryň dowamynda gatnaşyjylar häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny, olary Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň şertlerine laýyklaşdyrmaklygyň usullaryny öwrenýärler.

Maksatnama teoriýa we praktika böleklerini öz içine alýar. Leksiýalarda Russiýa Federasiýasynyň hünärmenleri pedagogika pudagynda täze ylmy gazanmalary paýlaşýarlar, okuw işini guramakda we sanly tehnologiýalary ulanmakda häzirki zaman düşünjeleri barada maglumat berýärler. Kursyň praktiki bölegi okuw ýagdaýlaryny modelirlemek we işde innowasion usullary ornaşdyrmak boýunça maslahatlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň Milli bilim instituty ýurduň esasy bilim meýdançasydyr we halkara tejribäni okuw prosessine ornaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Naberežnyý Çelnyý döwlet pedagogika uniwersitetiniň hünärmenleriniň maksatnama gatnaşmagy, iki ýurduň bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde özara gyzyklanmasyny görkezýär.

Kurslara gatnaşyjy mugallymlar görkezilen materialyň ýokary tejribelik ähmiýetini belläp geçýärler. "Bu kurslar, bize häzirki zaman pedagogikanyň usullaryny öwrenmek üçin we okuwçylarymyzy döwriň talaplaryna laýyk gelýän derejede taýýarlamakda uly mümkinçilik berýär" diýip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy Gulbahar Asadullayeva belledi.

Russiýa Federasiýasyndan gelen hünärmenler hem öz gezeginde türkmen mugallymlarynyň ýokary taýýarlyk derejesini belläp, hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine umyt bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026