HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sungatyň çatrygy: Aşgabatda ýaş zehinler, surat we aýdym-sazlar ýene birleşer

Noýabr 19, 2024 | 03:05 |11178
2024-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda üstünlikli başlanan we hatda ýurduň çäginden çykyp, Moskwanyň Edebiýat institutyna çenli baryp ýeten “Sungatyň çatrygy” çeper taslamasy öz işini dowam etdirýär. Onuň maksady sungatyň dürli görnüşlerini birleşdirmek we jemgyýeti ýaş zehinler bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr2024-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda üstünlikli başlanan we hatda ýurduň çäginden çykyp, Moskwanyň Edebiýat institutyna çenli baryp ýeten “Sungatyň çatrygy” çeper taslamasy öz işini dowam etdirýär. Onuň maksady sungatyň dürli görnüşlerini birleşdirmek we jemgyýeti ýaş zehinler bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr
Çeşme: orient.tm

2024-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda üstünlikli başlanan we hatda ýurduň çäginden çykyp, Moskwanyň Edebiýat institutyna çenli baryp ýeten “Sungatyň çatrygy” çeper taslamasy öz işini dowam etdirýär. Onuň maksady sungatyň dürli görnüşlerini birleşdirmek we jemgyýeti ýaş zehinler bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Aýdym-sazy, surat we zehinleri öz içine alýan nobatdaky duşuşyk 20-nji noýabrda Aşgabatdaky Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde geçiriler. Başlaýan wagty 14:30.

Duşuşygyň maksatnamasynda mugallym Ahmat Abaýewiň şägirtleriniň we özi tarapyndan ýerine ýetiriljek aýdym-saz çykyşlaryny öz içine alýar. Dürli ýurtlardan kompozitorlaryň eserleri köpçülige hödürlener, şeýle hem kompozitor Aýna Şirowanyň “Deňiz suratlary” inturmental tapgyrynyñ premýerasy görkeziler. Oboýa we fortepýano saz guralynda ýerine ýetirmek üçin ýazylan bu saz eskizleri, Hazaryň kenar ýakasyndaky atmosferany - tolkunlary, ýel we syrly ýatlamalary görkezýär.

Agşamyň ýene bir ajaýyp pursady ýaş kompozitor Tylla Şirowanyň çykyşy bolar. Ol diňleýjileriň ýüregine aralaşmagy wada berýän beýik şahyr Magtymgulynyň döredijiliginden ruhlanan täze kompozisiýasyny hödürlär.

Myhmanlar aýdym-sazdan başga-da, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň iň gowy eserleriniň sergisine gatnaşarlar. Bu ýerdäki ajaýyp surat eserleri, sungatyň bitiwi ýörelgesini dowam etdirip, agşamy ajaýyp öwüşginler bilen doldyrar.

“Sungatyň çatrygy” sungatyň serhediniň yokdygyny subut etýär hem-de duýmaga, döretmäge we ylham almaga taýyn bolan her bir adamy birleşdirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026