HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk berkidilýär

Noýabr 14, 2024 | 17:45 |9983
Şu gün, 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça eksport müdiri hanym Sara Çijiniň arasynda duşuşyk geçirildi.Şu gün, 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça eksport müdiri hanym Sara Çijiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

Şu gün, 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça eksport müdiri hanym Sara Çijiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilim pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy berkitmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda hanym Çiji Beýik Britaniýanyň Gazagystanda we Özbegistanda ýokary bilim ulgamynda gazanan netijeli tejribesi bilen paýlaşdy. Ol, Westminster uniwersiteti ýaly birnäçe britan uniwersitetleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ýokary bilim ulgamynda bilim hyzmatlaryny hödürlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Orta bilimde türkmen bilim edaralaryny akkreditasiýa etmek arkaly bilim hyzmatlaryny hödürlemek mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hanym Çiji bu hereketleriň goňşy ýurtlarda nähili üstünlikli durmuşa geçirilendigini giňişleýin gürrüň berdi.

Mundan başga-da, hanym Çiji indiki ýylyň başynda Türkmen-iňlis söwda we senagat geňeşiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini we onuň çäklerinde bilim meseleleriniň hem ara alnyp maslahatlaşylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Şeýle hem, hormatly myhman Beýik Britaniýanyň her ýylyň maý aýynda Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine degişli has jikme-jik gepleşikleriň geçirilmegine isleg bildirýändigini belläp geçdi.

Azat Ataýew öz gezeginde, agzalan hyzmatdaşlygyň ugurlaryna gyzyklanma bildirip, bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatda başlangyçlaryň goldanylýandygyny mälim etdi. Bu özara hyzmatdaşlygyň tapgyrlaýyn we yzygiderli amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Taraplar bu ugurda ilkinji ädim hökmünde bilelikdäki webinarlary guramagyň mümkinçiliklerine garalmagyny ylalaşdylar. Bu webinarlar, Beýik Britaniýanyň bilim ülňülerini, akkreditasiýa we ygtyýarnama almak bilen bagly hereketleriň toplumyny, şeýle hem hiliň barlagy tejribesini jikme-jik öwrenmäge gönükdiriler.

Ataýew bu seminarlaryň, soňlugy bilen giňişleýin öwrenilmäge degişli britan bilim ulgamy babatda anyk meseleleri ýüze çykarmaga ýardam etjekdigini belläp geçdi. Şeýle hem, maý aýyna çenli agzalan hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň her biriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin, tapgyrlaýyn hyzmatdaşlygy has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026