HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Turkish Airlines 2024-nji ýylyň 9 aýy boýunça girdejileri barada habar berdi

Noýabr 08, 2024 | 15:30 |12293
Turkish Airlines (THY) 2024-nji ýylyň birinji 9 aýy boýunça maliýe netijelerini neşir edip, girdejiniň ep-esli derejede artandygyny görkezdi. Maglumatlary köpçülikleýin ýaýma Platformasynda getirilen maglumatlara laýyklykda, kompaniýa rekord üstünligine ýetip, bellenilen döwür üçin 88,9 mlrd türk lirasy (takmynan 3,068 mlrd amerikan dollar) möçberinde arassa girdeji aldy.Turkish Airlines (THY) 2024-nji ýylyň birinji 9 aýy boýunça maliýe netijelerini neşir edip, girdejiniň ep-esli derejede artandygyny görkezdi. Maglumatlary köpçülikleýin ýaýma Platformasynda getirilen maglumatlara laýyklykda, kompaniýa rekord üstünligine ýetip, bellenilen döwür üçin 88,9 mlrd türk lirasy (takmynan 3,068 mlrd amerikan dollar) möçberinde arassa girdeji aldy.
Çeşme: Turkish Airlines

Turkish Airlines (THY) 2024-nji ýylyň birinji 9 aýy boýunça maliýe netijelerini neşir edip, girdejiniň ep-esli derejede artandygyny görkezdi. Maglumatlary köpçülikleýin ýaýma Platformasynda getirilen maglumatlara laýyklykda, kompaniýa rekord üstünligine ýetip, bellenilen döwür üçin 88,9 mlrd türk lirasy (takmynan 3,068 mlrd amerikan dollar) möçberinde arassa girdeji aldy.

Bu üstünlik ýolagçy islegiň ýokarlanmagy, ýük daşalmalaryň artdyrylmagy we ugur ulgamynyň strategik taýdan giňeldilmegi bilen kesgitlenildi.

Üçünji çärýegiň netijeleri

2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde Turkish Airlines täsirli maliýe görkezijilerini gazandy. Kompaniýa 51,4 mlrd türk lirasy (1,3 mlrd amerikan dollara golaý) möçberinde arassa girdeji barada habar berdi. Esasan hem, tomus möwsüminde ýolagçy akymynyň artydyrlmagy, şeýle hem ýük daşalmalary kompaniýanyň netijelerine täsir eden esasy faktorlar boldy.

Ösüş we ulgamyň giňeldilmegi

Turkish Airlines kompaniýasynyň üstünligi diňe bir maliýe netijeleri bilen çäklenmeýär. Uzakmöhletleýin strategiýasynyň çäklerinde howa kompaniýasy öz ulgamyny giňeldilmegini we düzümini dörebaplaşdyrmagyny dowam edýär. Şu ýylyň 9 aýynyň dowamynda Turkish Airlines parkynda uçarlaryň sany 9 % ýokarlanyp, 467 howa gämisine çenli ýetirildi. Bu ösüş kompaniýanyň öňde goýan uly maksatlaryna, şol sanda kompaniýanyň ýüzýyllygy mynasybetli onuň düzüminde 800 uçardan köp bolmaly diýen 2033-nji ýyla çenli strategik maksadyna laýyk gelýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026