Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Türkmen-rus mekdebiniň goşmaça binasy gurular


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň duşuşygynyň çäklerindäki rus wekiliýetiniň saparynyň dowamynda 30-njy oktýabrda A.S.Puşkin adyndaky orta umumybilimberýän Türkmen-Rus mekdebiniň goşmaça binasynyň gurluşygy barada maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň orunbasary Andreý Korneýew we Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew taslamany durmuşa geçirmek şertlerini öwrenmek we gurluşygy başlamak üçin öňde duran ädimleri kesgitlemek barada ylalaşdylar.
Saparyň dowamynda taraplar bilim ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we esasy meseleler boýunça tejribe alyşmak barada maslahatlaşdylar. Esasy pudaklarda hünärmenleriň çaltlaşdyrylan taýýarlyklaryna gönükdirilen “Professionalitet” rus taslamasy şeýle möhüm meseleleriň biri boldy.
Türkmen tarapy iş berijileriň işjeň gatnaşmagynda bilim almak möhletini azaltmaga ýardam berýän rus usullaryna gyzyklanma bildirdi. Rus tarapy bu maksatnama boýunça usulyýeti we taýýarlaýyş ýörelgelerini öwrenmek üçin türkmen hünärmenleriniň tanyşdyrylyş saparlaryny guramagy teklip etdi.
ORIENT news







